Özbek parlament saýlawlaryna 146 türkmen dalaşgäri gatnaşýar. Türkmenistanlylar goňşy ýurduň saýlaw kampaniýasyna syn edýärler

Özbek parlament saýlawlaryna 146 türkmen dalaşgäri gatnaşýar. Türkmenistanlylar goňşy ýurduň saýlaw kampaniýasyna syn edýärler

Goňşy Özbegistanda şu aýyň aýagynda geçiriljek parlament saýlawlary türkmen jemgyýetinde gyzyklanma döretdi. 27-nji oktýabrda özbek parlamentiniň aşaky öýi - Oliý Mejlise we geňeşlere saýlanmak üçin hasaba alnan deputatlarynyň arasynda milli azlyklaryň, şol sanda etniki türkmenleriň ençemesi bar.

Özbegistanyň Merkezi saýlaw toparynyň maglumatyna görä, goňşy ýurduň parlamentiniň aşaky palatasy - Oliý Mejlisiň we ýerli geňeşleriň deputatlarynyň 27-nji oktýabrynda geçiriljek saýlawlaryna jemi 29350 sany dalaşgär hasaba alynypdyr.Dalaşgärleriň arasynda özbeklerde we garagalpaklardan başga etniki azlyklaryň 2 müňden gowrak agzasy, şol sanda 146 türkmen hasaba alnypdyr. Şeýle-de, 973 - täjik, 588 - gazak, 141 - gyrgyz, 67 - rus we beýleki milletlerden bolan wekiller saýlawlarda dalaşgär hökmünde gatnaşar.

Azatlygyň habarçylary adatça Türkmenistanyň özünde geçýän saýlawlarda ilat tarapyndan uly gyzyklanma bildirilmeýändigini we adamlaryň hatda öz ýaşaýan ýerlerinden saýlanýan dalaşgärleri bilmeýändigini, hem-de ses berişlige köplenç barmaýandygyny belläp, soňky döwürde goňşy ýurtlardaky syýasy proseslere türkmen jemgyýetinde gyzyklanmalaryň güýçlenendigine ünsi çekýärler.

Türkmenistanly ýaşaýjylar we synçylar şu wagt goňşy ýurduň saýlaw prosesini, hususan-da, milli azlyklaryň dalaşgärleriň sanawynda bolmagyny ara alyp maslahatlaşýarlar.

"Garagalpagystanyň etraplarynyň birinde ýaşaýan tanyşymyň lukman bolup işleýän gyzyny etrap geňeşine dalaşgär hökmünde teklip etdiler.Bu habar diňe bir Özbegistandaky türkmen ilaty üçin däl, biz üçinem örän ähmiýetlidir. Çünki, goňşy ýurtda nähilem bolsa syýasy prosesleriň yşaraty ýa-da yzy bar.

Tanyşymyň gyzynyň milletiniň özbek ýa garagalpak bolmandygyna garamazdan, oňa deň derejede mümkinçilik döredilendigine buýsanýarys" diýip, etrabynyň mekdepleriniň birinde mugallym bolup işleýän türkmenistanly gürrüň berdi.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde pikirini paýlaşan türkmenistanlylar goňşy ýurtdaky etniki türkmenler Türkmenistandaky türkmenlere seredende, nähilem bolsa, syýasy taýdan görnetin guramaçylykly görünýärler diýýärler.

"Biz Türkmenistanyň türkmeni bolup, öz ýurdumyzda sesimizi hiç bir edarada iň bir ýönekeý durmuşy meseleler boýunça eşitdirip bilemzok, ýöne goňşy Özbegistandaky garyndaşlarymyza keseki hökmünde däl-de, öz ilaty hökmünde seredýärler" diýip, söhbetdeşimizi aýtdy.

Türkmenistanyň kanunlarynda raýatlaryň milletine garamazdan, deň hukuklylyk kepil geçilýär. Muňa garamazdan, Türkmenistanda ýaşaýan etniki azlyklaryň wekilleri, şol sanda özbekler öz dillerinde bilim almak, gazet-žurnallary we kitap çap etmek mümkinçiliginden mahrum edilendigini aýdyp, öz ýüzlenmelerine türkmen häkimiýetleri tarapyndan üns berilmeýändiginden nägile bolýarlar.

Azatlygyň Türkmenistandaky çeşmeleri milli azlyklaryň öz dillerini we medeniýetini saklamak mümkinçiliginiň ýyl-ýyldan çäklenýändigi, ýurtda ençeme ýyl bäri göze ilýän türkmenleşdirme syýasatynyň milli azlyklaryň ýurdy köpçülikleýin terk etmegine getirendigini belleýärler.

Balkan welaýatynyň migrasiýa resmisiniň anonimlik şertinde beren maglumatyna görä, häzirki wagtda biometriki pasport almak üçin nobata durýanlaryň ençemesi etniki azlyklar bolup, soňky ýyl 7 ýylyň içinde milli azlyklaryň ýurtdan iň köp giden döwri bolupdyr.

Lebaply we daşoguzly etniki özbekleriň birnäçesi habarçylarymyz bilen söhbetdeş bolup, Özbegistandaky türkmenlere berilýän üns, Türkmenistandaky özbekleriň bolsa hat-da "bardygynyň hem dile getirilmezligi" iki awtoritar ýurduň arasyndaky uly aratapawudy görkezýändigine ünsi çekdiler. Olar Türkmenistandaky etniki özbekleriň we olaryň Özbegistandaky kowum-garyndaşlarynyň bu ýagdaýa ýiti nägile göz bilen seredýändigini mälim etdiler.

"Biz Türkmenistanyň häkimiýetleri üçin umuman ýok ýaly. Hut şonuň üçinem häli-şindi iň ýönekeý meseleler bolan dil öwrenmek we mekdepde bilim almakda hem milli azlyklaryň, şol sanda biz özbekleriň hak-hukuklarymyz berjaý edilmeýär" diýip, milleti özbek daşoguzly telekeçi gürrüň berdi.

Lebap welaýatynda ýaşaýan etniki özbeklerden bolan ýerli ykdysadyýetçi hem iki ýurduň ýagdaýyny deňeşdirip, Türkmenistanyň näderejede goňşy ýurtdan tapawutlandygyny şeýle kesgitledi:

"Özbegistanda hem awtoritar režim, olarda hem korrupsiýa bar, garyndaşparazlyk bar, ýöne iň bärkisi, döwlet ýolbaşçylary iň bir agyr we derwaýys meseleleriň hem kynçylyklaryň ençemesiniň bardygyny boýun alyp, dile getirýärler. Ýagny, nähilem bolsa, halkyň agyr ýagdaýyndan habarynyň bardygyny görkezmäge çalyşýarlar.

Ykdysady, ekologik, sosial meselelerde döwlet, ýerli we garaşsyz medialarda biraz bolsa-da tankydy pikirler aýdylýar.Emma Türkmenistanda bularyň hiç biri ýok" diýip, ykdysadyýetçi öz pikirini paýlaşdy.

Azatlyk bilen gürleşen türkmenistanlylar Özbegistanda geçiriljek saýlawlarda etniki türkmenleriň hem dalaşgärleriň içinde bolmagy türkmenleriň ýurtdaky syýasy proseslerden üzňeleşdirilmeýändiklerini görkezýär diýip, hasap edýärler.

Paýtagtly syýasy synçynyň bellemegine görä, dalaşgärleriň umumy sanynda etniki türkmenleriň tutýan paýy olaryň tutuş Özbegistanyň ilat sanynda tutýan paýyna ýakyn bolup durýar.

"Eger Özbegistanyň resmi statistiki sanlaryny seljersek, ýurtda 206 müňden gowrak etniki türkmenler ýaşaýar, we bu san tutuş ýurduň ilatynyň 0,55-0,6% tutýar.Görnüşi ýaly, türkmen azlygynyň dalaşgärleriň milli düzümindäki paýy olaryň tutuş ýurt ilatynyň düzümindäki paýyndan sähel pes.

Bu hem goňşy ýurtda, hiç bolmasa, formal taýdan bolsa-da etniki türkmenleriň syýasy sahnada görkezilmegini üpjün edýär" diýip aşgabatly synçy aýdýar we Türkmenistanyň soňky ýyllarda geçirlen Mejlis saýlawlarynda deputatlarynyň sanawlarynda milli azlyklaryň wekilleriniň göze ilmändigini belleýär.

Özbegistanyň mejlisine 27-nji oktýabrda geçiriljek saýlawlaryň täze görnüşde, ýagny ilkinji gezek garyşykly mažoritar-proporsional saýlaw sistemasy boýunça geçiriler. Netijede, Mejlisiň 150 deputaty, Garagalpagystanyň "Jokargy Kenesiniň" (parlamentiniň) 65 deputaty, şeýle hem sebit, Daşkent we 208 etrap (şäher) geňeşi saýlanar.

Saýlawlara ÝHHG-nyň gözegçiler missiýasy syn eder. Gözegçiligiň maksatlary, saýlawlaryň ÝHHG-niň borçnamalaryna, beýleki halkara borçnamalaryna we demokratik saýlawlar ülňülerine, şeýle hem milli kanunçylyga laýyklygyna baha bermekden ybarat bolar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça 60 kwota bölünip berildi
Özbegistanda täze ulgam boýunça saýlaw geçiriler
Garagalpak Türkçesi
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar