Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli

Özbek edebiýaty öz gözbaşyny uzak asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.Häzirki günlere çenli Özbegistanyň çäklerinde has gadymy özbek edebiýatynyň şu zamana ýetip gelen nusgalaryny – 200-den gowrak epik poemalary, köp sanly rowaýatlardan we aýdymlardan ybarat bolan kyssa eserlerini häzirki bagşylar toýlarda aýdýarlar.

Folklor eserleriniň gahrymanlary adatça, garşy güýçler jyn-arwahlar we aždarhalar bilen jeňe girýärler. “Kerogly” we “Alpamyş” ýaly epiki poemalar takmynan, X asyrda ýazylypdyr.Bu poemalar Orta Aziýanyň ähli halklarynyň diýen ýaly folkloryna girip, olarda pälwanlaryň mertligi, batyrlygy, edermenligi we duşmana bolan ýigrenji hakda gürrüň gozgalyp, çuň manyly parasatly pikirleri, ötgür sözleri, aýdyň meňzetmeleri we çeper teswirlemeleri öz içine alýar. “Kerogly” poemasy şahyrlar tarapyndan telim gezek gaýtadan işlenipdir. Özbek halkynda Nasredin Efendiniň gülküli hekaýatlary hem giňden meşhurdyr.

Dilden aýdylýan halk döredijiligine dürli ýurtlaryň adamlary gatnaşýarlar.Hoja Ahmet Ýasawynyň (1166 ýylda aradan çykan) dini-ahlaky eserleri özbek edebiýatynyň ösmeginde aýratyn uly rol oýnapdyr.XIII asyrda Orta Aziýa mongollar gelenden soňra, köp sanly pars şahyrlary we alymlary Müsüre, Kiçi Aziýa we beýleki ýurtlara gidipdirler.

Paýtagty Samarkant bolan Mawerennahr Çingiz hanyň ogly Çagataýyň dolandyrýan ulusy (welaýaty) bolupdyr.Türki dilli ilatyň edebi dili bolsa, çagataý dili bolupdyr.Ol belli bir kowmuň dili bolmadyk Orta Aziýanyň türki dilli halklarynyň edebi dili bolupdyr.

Türki-uýgur kökleri esasynda gurlan bu dil, köp sanly arapça we parsça sözleri hem öz içine alypdyr.

Mawerennahrda ozalky pars medeniýetiniň merkezi Samarkantda uýgur edebiýatynyň täsiri bilen Alynyň “Kyssaýy Ýusup” (1233), Nasreddin Rabguziniň “Kyssasyl Enbiýa” (1310) we näbelli awtoryň “Muftarhul Adl” ýaly edebi eserleri döredilipdir.

Edebi dessurlar täze edebi akymlary, usullary we dil aýratynlyklaryny öz içine alyp ösüpdir.XV asyrda Teýmiriň ýeňşi we Orta Aziýada özbek kowumlarynyň peýda bolmagy, güýçli depginli medeni gatnaşyklara alyp baryp, çagataý we özbek dilleriniň biri-birine ýakynlaşmagyna ýardam edipdir. Şol döwürde esasy dil hökmünde pars dili we türki dilleriniň gypjak şahasyna degişli türki we özbek dilleri ýörgünli bolupdyr. Özbek kowumlarynyň Orta Aziýa göçüp gelmekleri XV asyra gabat gelýär.

Özbek medeniýeti öz diliniň we medeniýetiniň, şol sanda, baý pars medeni mirasynyň esasynda ösüp kemala gelipdir.Hususan hem, özbek edebiýatynyň ösüşi edebi çekişmelerden we nusgawy pars edebiýatynyň žanrlaryny we sýužetlerini özleşdirmek üçin edilen tagallalardan döräpdir. Şygyr agalyk edýän edebi žanr bolup, has giňden ýaýran şahyrana galyplar bolsa, iki setirde ýazylýan gazallar we mesnewiler bolupdyr. Şygyr galybynda diňe bir liriki eserler däl, eýsem, dini wagyz-nesihatlar we sene ýazgylary ýazylypdyr.

Diňe ylmy, dini, taryhy eserler we memuarlar kyssa bilen ýazylypdyr.

Teýmiriň (XIV-XV asyr) dolandyran döwri özbek edebiýaty güýçli depgin bilen ösüp ugraýar. Şol döwürde Samarkant we Hyrat ylmy-edebi durmuşyň iri merkezleri bolýar. Özbekçe ýazýan şahyrlar özbek diliniň pars dili bilen garyşmagyna garşy çykypdyrlar. Şeýlelikde, Teýmiriň döwürdeşi Durbeg ilkinjileriň biri bolup, bu çekeleşige giripdir.

Ol “Ýusup-Züleýha” (1409) dessanynyň öz wariantyny hödürläp, ony dini äheňlerden halas edipdir, oňa dünýewi öwüşginleri beripdir.Beýleki bir şahyr Seýit Ähmet bolsa, pars edebiýatyndaky “Letafät-name” we “Muhabbetnama” ýaly eserlere meňzeş bolan “Taaşuk-nama” (1437) atly eserini hödürläpdir. Şahruhyň köşgünde belli lirik Lotfi ýaşap, onuň ussatlarça ýazan gazallaryny bagşylar aýdym edip aýdypdyrlar.

XV asyrda özbek edebiýatynyň gülläp ösen döwri bolup, ol Alyşir Nowaýynyň eserlerinde aýdyň beýanyny tapýar. Şahyrlaryň, filosoflaryň, dilçileriň, taryhçylaryň, suratkeşleriň, kompozitorlaryň we alymlaryň howandary, halypasy bolan Alyşir Nowaýynyň (14411504) döredijiligi özbek edebiýatynyň ösüşiniň iň ýokary derejesi hasaplanýar.

Parsça we türki dillerinde ýazan Nowaýy özüniň belli lingwistik eseri “Muhakemetü’l-Lügateýn”-de (1499) “pars we türki dilleriň deňeşdirilmegi” pars dili bilen bir hatarda türk dilleriniň hukuklaryny goraýar.

Nowaýynyň görnükli pars şahyry Jamy bilen geçiren döredijilik çekişmeleri netijesinde, bu ýagdaý has-da ýaýbaňlanypdyr.Olaryň dostlugy Orta Aziýanyň medeni durmuşynda möhüm döwür bolup, onuň esasy aýratynlygyny ýüze çykarypdyr. Şeýlelikde, täze türki diller edebi gepleşige girizilipdir we pars nusgawy mirasynyň galyplaryny we žanrlaryny özleşdirmegiň hasabyna bu dilleriň mümkinçiligi has-da artyp başlapdyr.

Nowaýy 1469-njy ýylda medresede bile okan ýoldaşy Soltan Hüseýn Baýkaranyň häkimlik eden ýyllarynda hat-petekleri saklaýjy bolup işleýär.Ol 1472-nji ýylda wezirlige bellenip, emir derejesine eýe bolýar.

Ol alymlara, suratkeşlere, sazandalara, şahyrlara, hatdatlara ýardam berip, medreseleriň, keselhanalaryň we köprüleriň gurluşygyna hut özi ýolbaşçylyk edipdir.Nowaýynyň edebi mirasy 30 töweregi şahyrana ýygyndylardan, uly poemalardan, kyssalardan we ylmy tezkirelerden ybaratdyr.

Ol parsça, esasan hem, özbekçäniň orta asyr görnüşinde türkiçe ýazypdyr.Nowaýynyň döredijiliginiň ýokary derejesi “Hamsa” (Bäş poema) bolup, ol Nyzamy Genjewiniň we pars şahyry Emir Hosrow Dehlewiniň “Bäşlemelerine” neziredir, (öýkünmedir).

Olar “Haýretü’l-Ebrar” (1483), “Leýli we Mejnun”, (1484), “Perhat we Şirin” (1484), “Isgenderiň bendi” (1485) we “Seb’e-i Seýýarem” (1484) ýaly poemalardan ybaratdyr.

“Leýli we Mejnun” çopan Kaýsa we göçüp-gonup ýören goňşy taýpanyň gyzy Leýliniň pajygaly söýgüsi we olaryň aýralyk zerarly ölümi baradaky meşhur gadymy arap rowaýatynyň şahyrana beýanydyr.

Poemanyň täsirli dartgynlylygy we çeper teswiri ony bütin dünýäde Gündogar edebiýatynyň has meşhur we gowy görülýän eserleriniň birine öwrüpdir. “Perhat we Şirin” ermeni gözeli Şirine hakykat we adalat ugrunda göreşiji pälwanyň söýgüsi baradaky gahrymançylykly eserdir. “Ýedi älem” ýedi nowelladan ybarat bolup, Teýmirleri göçme manyly tankytlaýan eserdir.

Poemanyň baş gahrymany adalatly hökümdar we dana Isgenderdir.Nowaýynyň beýleki bir iri şahyrana eseri bolsa, “Paýhaslar hazynasy” (14981499) bolup, dört bölümden ybarat şahyrana ýygyndydyr.Dürli žanrlardaky liriki şygyrlaryň ýygyndysy 2600 gazaldan ybaratdyr.

Nowaýynyň Jama bagyşlanan “Keramatlylaryň bäşligi”(1492), “Ýitileriň ýygnagy” (14911492) atly eserlerem giňden meşhurdur.Nowaýynyň döwrüniň şahyrlarynyň gysgaça häsiýetnamasy, şygyr düzüliş ulgamy we edebiýatyň nazaryýeti barada “Ölçegleriň agramy” atly ylmy eserinde gürrüň berilýär. Şeýle hem onuň ýokarda ýatlanan “Muhakemetü’l-Lügateýn” (1499) atly ylmy eserinde türki dilleriň medeni we çeper ähmiýetine baha berilýär. Çünki, şol döwürlerde onuň döwürdeşleri türki dilleriň inçe söz sungatyna ýaramly däldigini öňe sürüpdirler.

Nowaýynyň eserleri we edebiýaty öwreniş işleri diňe bir özbek dili däl, eýsem, türkmen, uýgur, azerbaýjan, türk we beýleki türki dilli halkalaryň edebiýatynyň ösüşine ýardam beripdir.Alyşir Nowaýynyň “Eýran şalarynyň taryhy” we “Pygamberleriň we danalaryň taryhy” ýaly işlerinde Orta Aziýanyň, Eýranyň, şeýle hem otparazlaryň we yslam mifologiýasynyň taryhy şahsyýetleri barada maglumatlar berilýär.

Nowaýynyň ömrüniň ahyrky ýyllarynda “Guşlaryň dili” (1499) poemasy we paýhas we öwüt beriji eseri “Mahbübü’l-Kulüb fi’l-Ahlak” (1500) ýazylyp, onda has oňat jemgyýetçilik gurluşy barada pikir ýöredilýär.

Nowaýynyň dünýägaraýşy durmuşy ykrar edýän güýje eýe bolup, gündogar edebiýatynda romantik ugry tassyklapdyr.

Diňe bir özbek taryhynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda hem çuňňur yz galdyran ýene-de bir görnükli wekilleriň biri bolsa, Teýmirileriň iň soňkusy, Hindistanda Beýik Mogollar imperiýasyny esaslandyryjy, Zahriddin Muhammed Babur handyr (14831530).

Onuň likiri eserleriniň ýygyndysy öz döwründäki özbek lirikasynyň iň gowy nusgalarynyň biri bolup durýar.Onuň “Babyrnama” atly kyssa bilen ýazylan ýatlamalary ýönekeý düşnükli dil bilen onuň durmuş hal-ýagdaýyny, taryhy wakalary beýan edýär.

Teýmirilerden soň gelen Şeýbaniler (XVI) dinastiýasynyň döwründe Orta Aziýada goňşy döwletler bilen medeni we söwda aragatnaşyklary belli bir derejede pese düşýär.Bu döwrüň iň meşhur edebi eserleriniň biri hem Muhammed Salyhyň (1512-nji ýylda aradan çykan) “Şeýbaniname” atly gülküli poemasydyr. Şeýbaniler döwründe edebiýat bilen Ubaýdulla han (tahallusy Ubaýdy, 1539-njy ýylda aradan çykan) we Abdulla han (tahallusy Azizi, 1551-nji ýylda aradan çykan) işjeň meşgul bolýar.

Häkimiýetdäki adamlara döredijilik bilen meşgul bolmak abraýly hünär hasaplanypdyr.XVI asyrda çeper kyssalaryň iň gowy nusgalary Gülzaryň (1539) öwüt-ündew beriji hekaýalar ýygyndysy we Paşahoja ibn Abdullahanyň Sagdynyň “Gülüstanyna” meňzedip ýazan kyssalary hasaplanypdyr. Şeýbanileriň häkimlik eden ýyllarynda Orta Aziýa kiçi özbaşdak feodallyklara bölünýär, Buharada täjik edebiýaty ösüp başlaýar. Şol döwrüň wakalary Tudy şahyryň (1699-njy ýylda aradan çykan) eserlerinde beýan edilýär.

Lirik şahyr Babarahim Maşrab (1711 ýylda aradan çykan) özüniň ýönekeýden akgöwünli beýan edýän eserleri bilen adygypdyr.

Şeýlelikde, birnäçe wakalardan soňra XVII asyrda Horezm hanlygy döreýär.Horezmde ylmy-edebi däp-dessurlaryň başy Abulgazy Bahadur hanyň (16031663) “Türkmenleriň nesil daragty” atly belli taryhy eseri bilen esaslandyrylýar.

Horezm hanlygynda şygryýetiň ozaldan gelýän däp-dessurlary Wepaýy, Ýahiýa, Rownak ýaly şahyrlar tarapyndan ösdürilipdir.Horezm hanlygynda XVIII XIX asyrlarda has görnükli şahyrlar ýüze çykýar.Olaryň arasynda özünden soňra diňe bir köp sanly şygyrlaryny däl, eýsem, taryhy eserlerini hem goýup giden Şermuhammed Munisiň ady has öňe saýlanýar.

Sungatyň howandary Muhammet Rahim han II-niň (Firýuza) görkezmesi boýunça XIX asyrda Kemal, Täbibi, Mirza, Raji we beýlekiler ýaly Horezmiň iň gowy şahyrlarynyň eserlerini öz içine alýan “Majmualşuara” atly ýygyndy neşir edilýär.

XVIII asyryň ikinji ýarymynda Ferganada özbaşdak Kokand şalygy döredilip, Alym han we onuň ogly Omar hanyň (1822-nji ýylda aradan çykan) döwründe iň ýokary ösüşler gazanylýar.Emir şahyr ady bilen belli bolan Omar hanyň töweregine esasan, özbekçe we täjikçe ýazýan 70 töweregi şahyr we ýazyjy toplanypdyr.

Olaryň iň görnüklileri Fazli Namangani, Hazyk, Mahmur, Muhammed Şarif, Gulhani dagydyr. Şol döwürde ilkinji gezek özbek edebiýatynda Mazhuni, Uwaýsi we Nadiry ýaly şahyr zenanlaryň ady peýda bolýar.Omar hanyň görkezmesi bilen ýerli şahyrlaryň “Majmualşuara” atly eserler ýygyndysynyň kokand görnüşi neşir edilýär.

Omar hanyň ogly Mazaly han (18081843) hem belli şahyr bolup, görnükli azerbaýjan şahyry Fizulynyň edebi däplerine eýeripdir: onuň şygyrlar ýygyndysy we “Leýli we Mejnun” atly tamamlanmadyk poemasy miras galypdyr.

Hemmeler tarapyndan kabul edilen taryplama, mistik äheňler, söýgi lirikasy ýaly şygryýetiň tematikasy bilen birlikde, demokratik ugurlar hem ösüp başlaýar: olardan Gulhany, Mahmur we Mujrima ýaly şahyrlaryň adyny agzap geçmek mümkin.

XIX asyrda üç hanlygyň arasynda, (Hywa, Kokand, Buhara) dörän ýagdaýlar, edebiýatyň gowşamagyna alyp barýar. Şol döwürde medeniýet belli bir derejede pese düşýär, ýöne dilden aýdylýan halk döredijiliginde dürli poemalar döredilýär.

Halk şahyry Halikdod hem öz eserleri bilen köpçüligiň göwnünden turan şahyrlaryň biri bolupdyr.

Patyşa Russiýasy döwründe bu ýurtda milli buržuaziýa ösüpdir. Özbek edebiýatynda demokratik we magaryf ugry güýçlenip, Zalbek, Mukimi, Zawki we Furkat ýaly şahyrlar ýüze çykýar. Şahyr Zalbekiň “Zalbeknama” atly eserinde milli duýgular görnetin duýulýar.

Muhammed Amin Hoja Mukimi (18501903) demokratik ugruň has zehinli şahyrlarynyň biri bolup, ol ýiti satirik şygyrlaryň we liriki aýdymlaryň awtory bolupdyr. Şahyr-magaryfçy Ishokhon Ibrat hem belli syýahatçy, jemagatşynas, dilçi we ilkinji neşirçileriň biri bolupdyr. Şahyr, aň-bilim ýaýradyjy Furkat, özbekçe we parsça 5 diwany bilen adygan horezmli şahyr Ahmed Täbibi, aň-bilim mowzugyndan ýazan XIX asyryň şahyrlary we XX asyryň hem başlarynyň şahyry we filosofy Anbar Otin dagy milli galkynyş döwrüniň wekilleridir.

XIX asyda özbek eposy we folklory ösýär we Türküstanda “Bulbul” diýlip atlandyrylan özbek halk şahyry we bagşysy Jumana Halmuradowanyň, Ýuldaş Mamatkulowyň we Jasak Halmuhamedowanyň atlary belli bolup başlaýar.XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda Türküstanda aň-bilim ýaýratmak maksady bilen jezidçe usul ýaýrap başlaýar.

XX asyryň başlarynda zehinli özbek ýazyjylarynyň köpüsi jezid ideýalarynyň täsirinde bolup, ony milli galkynyş hökmünde kabul edipdirler. Şeýlelikde, Abdylla Awlony jezitçilik mekdebini açyp, ýörite okuw kitabyny ýazan bolsa, Abdurauf Fitrat Stambuldaky “Arap dünýäsi” medresesini tamamlap, 1910-njy ýylda jezidçilik ruhundaky birgiden eserlerini neşir etdirýär.

Tulagata Tawollonyň, Abdulhamid Suleýman Çulpanyň şygyrlarynda we Abdulla Kadyrynyň eserlerinde ähli türki halklary üçin azat Watan ideýalary öňe sürülýär. Şol döwürde özbek edebiýatçylarynyň bir topary jezitçilik ideýalaryna eýerip, 1917-nji ýyldan soňra öz garaýyşlaryndan el çekipdirler.

Hamza Hakimzade Niýazy (18981929) özbek sowet edebiýatynyň düýbüni tutujydyr.Hamza özüniň jezitçilik döwründe mugallym, dramaturg we ýazyjy bolupdyr.Ol özbek edebiýatynda halkyň durmuşyny suratlandyran ilkinji ýazyjy bolupdyr.

Onuň ideýalaryny şahyrlar Sufizade we Awliýany dagy dowam etdiripdir. Şeýle hem özbek edebiýatynda milli duýgulary ýokary götermekde yz galdyran Abdulla Kadyry (1894-1938) Sadriddin Aýni (18781954), Hamid Gulýam (1919-2005) Askat Muhtar (1941-2013) Pirimkul Kadyrow (1928 – 2010), şeýle hem häzirki zaman özbek edebiýatynyň gönükli wekilleri hökmünde şahyrlar Erkin Wohydowyň (1936-njy ýylda doglan) we Abdylla Aripow ( 1941-nji ýylda dogaln) ýaly ýazyjy- şahyrlaryň atlaryny ýatlap geçsek, ýerlikli bolar.

1926-njy ýylda Samarkantda “Gyzyl kalam” atly täze edebiýat jemgyýeti guralyp, onuň agzalary medeniýet ugrunda jezitçilik ideýalaryny dowam etdiripdirler. 1920-nji ýyllaryň ortalarynda özbek we beýleki türki dillerde pars-arap dillerinden geçen sözler ozaldan gelýän türki sözler bilen çalşyrylyp, latyn elipbiýine geçilýär. Ýöne basym ýagdaý özgerip, kirillisa geçilýär.

Häzirki zaman özbek dili Fergana-Daşkent gepleşik dili esasynda emele gelipdir. Özbek dilindäki ýazuw 1930-njy ýyla çenli arap ýazuwynda, 1930-njy ýyldan 1939-njy ýyla çenli latyn elipbiýinde, 1939-njy ýyldan bolsa, goşmaça harplar bilen rus elipbiýinde ýazylypdyr.

Özbek edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri hem Gafur Gulamdyr (19031966).Ol Hamza Hekimzada Niýazy bilen birlikde täze şygyr düzüş ulgamynyň esasyny ýola goýupdyr.Onuň galamynyň astyndan birgiden şahyrana eserler çykýar. Şeýlelikde, Gulam Puşkiniň, Maýakowskiniň, Saadiniň, Şekspiriň eserlerini özbek diline terjime edipdir.

Beýleki bir meşhur kyssaçy Abdulla Kahhar (1907-1968) öz “Otbasar” we “Saraab” ýaly romanlarynda oba durmuşyny beýan edýär. Şygryýetde Gaýraty, Sultan Jura, Uýdun, Aýbek we beýlekiler has öňe saýlanýarlar.

Hamid Alimjan (1909-1944) edebiýaty öwreniş ylmyna degişli bolan eserleri bilen meşhurdyr.Ikinji jahan urşundan soňra, özbek edebiýaty umumy akym bilen ösüp, onda önümçilik üstünlikleri we parahatçylyk ugrundaky göreş ýaly mowzuklar esasy orun eýeleýär.

Belli özbek ýazyjysy, Özbegistanyň medeniýetde at gazanan işgäri Mirmuhsin Mirsaidow (1921- 2005) “Şark ýuldyzy” atly edebiýat žurnalynda 1950-1960-njy ýyllarda redaktor bolup işleýär.Ol dürli ýygyndylaryň, poemalaryň, powestleriň we romanlaryň awtory hökmünde okyjylarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan ýazyjydyr.

1990-njy ýyllarda Daşkendiň we Fergananyň şygryýet mekdepleri eýýäm, 80-nji ýyllarda kämilleşip, dünýä edebiýatynyň öňdebaryjy ýörelgelerine eýeripdir.Bu mekdepleriň eserleri 1990-95-nji ýyllarda “Şark ýulduzi” atly žurnalyň sahypalarynda peýda bolýar.

Soňra Moskwada we Daşkentde 1999-2004-nji ýyllarda “Kiçi ýüpek ýoly” ýygyndysynda neşir edilýär.Häzir olaryň eserlerinine we esselerine edebiýat saýtlarynda we paýtagtyň “Halklaryň dostlugy” we “Arion” ýaly žurnallarynda gabat gelmek bolýar.

Daşkendiň we Fergananyň şygryýet mekdepleriniň usulyýeti bir-birinden tapawutlanyp, özbaşdak edebi çemeleşmelere eýerýärler.Mysal üçin Daşkendiň şygryýet mekdebinden Sanjar Ýanyşew, Suhbat Aflatuni we Wadim Murathanow dagy öňe saýlanan bolsa, Fergananyň şygryýet mekdebinden Şamşad Abdullaýew, Hamdam Zakirow, Sabit Madaliýew dagy beýlekilerden has tapawutlanypdyrlar.

Daşkentde bolsa, bu şygryýet mekdepleriniň edebiýat festiwallary geçirilýär.Eýýäm, 1990-njy ýyllarda Rauf Parfi, Sabit Madaliýew, Hamid Ismaýlow, Muhammed Salyh ýaly özbek we rus dillerinde ýazýan görnükli şahyrlar ýüze çykyp başlaýar.

Häzirki zaman özbek şygryýeti özüniň meýli, mazmuny we äheňi boýunça dünýä edebiýatynyň gazanan aýratyn ýol-ýörelgelerine eýerýär.Olarda dünýägaraýyşlar meňzeş tärler arkaly amala aşyrylýar.

Hemmesini jemläp aýdanyňda, Özbegistanyň çäklerinde edebi proses XV-XIX asyrlarda kämilleşen nusgawy pars we arap, şeýle hem, XIX asyryň ahyrlarynda we XX asyryň başlarynda peýda bolan türk, XIX- XX asyrlardaky rus, XX asyryň ahyrlaryndan biziň günlerimize çenli hem Günbataryň medeni ülňülerini özleşdirmek ýörelgeleri esasynda dowam edýär. Özbek edebiýatynyň gerimi musulman Gündogaryna ýakynlygy bilen şertlenendir. Çünki geçmişde häzirki zaman Özbegistanyň çäklerindäki Buhara we Samarkant ýaly şäherlerde pars medeniýetiniň merkezleri ýerleşipdir. Özbegistanyň kuwwatly, baý medeni däp-dessurlaryň we medeniýetleriň çatrygynda ýerleşmegi, bu ýurduň edebiýatynda täze gyzykly eserleriň döremegine sebäp bolýar.

Özbegistan muzeýlere we kitaphanalara baý ýurtdyr. Daşkentde, Buharada, Samarkantda, Hywada, Nöküsde we beýleki şäherlerde iri çeperçilik, etnografik we taryhy muzeýler bar. Ýurduň her bir şäherinde diýen ýaly ülkäni öwreniş muzeýleri bar. Daşkentde 1996-njy ýylda ýylda Teýmirleňiň durmuşyna bagyşlanan muzeý açyldy. Daşkendiň, Samarkandyň we Buharanyň kitaphanalarynda gadymy kitaplaryň we golýazmalaryň ägirt uly ýygyndysy saklanýar.

Taýýarlan: Ýegenmämmet Taýlyýew.

“Zaman-Türkmenistan”.

Ýene degişli makalalar

Hoja Ahmed Ýasawynyň aramgähi öwreniler
Täjik edebiýaty
AMAN GULMÄMMEDOW MILLI TEATR SUNGATYNY ESASLANDYRYJY
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Arkadag şäherinde Döwlet daragty atly sahna eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Milli ykdysadyýetiň girdejili pudagy