Özbek dökünleri Türkmenbaşy portunyň üsti bilen Ýewropa ugradyldy

Özbek dökünleri Türkmenbaşy portunyň üsti bilen Ýewropa ugradyldy

Özbegistandan dökün bilen ýüklenen konteýnerler Türkmenistanyň Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň üsti bilen Ýewropa iberildi.

Mineral dökünler bilen ýüklenen 40 futlyk 24 sany konteýner otlusy Türkmenbaşy portuna geleninden soňra Hazar deňziniň üsti bilen fider daşamalaryny amala aşyrýan Mahmud Rehimow gämisi arkaly Azerbaýjanyň Alýat portuna daşaldy. “ADY Container” kompaniýasy “Azerbaýjan demir ýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň golçur kompaniýasy bolup, ol hem ýüküň daşalmagyna gatnaşdy. Bu barada “ADY Container” duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berdi.

Alýat portunda konteýnerler platformalara ýüklenip, demir ýol arkaly Gruziýanyň Batumi portuna, soňra bolsa Rasul Reza fider gämisi bilen Rumyniýanyň Konstanta portuna ugradyldy. Bellenilişi ýaly, Rasul Reza fider gämileriniň hyzmaty esasan Hytaýdan Ýewropa we yzyna ýük daşamak üçin ulanylýar.

Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen 2021-nji ýylda 11,3 million tonnadan gowrak ýük daşaldy. Olaryň köp bölegi 6,5 million tonnadan gowragy eksport ýükler bolup, 1,2 million tonnasy import ýüklerdir.

Şeýle-de portuň ýylda 300 müň ýolagça, 75 müň ýük ulagyna hyzmat etmäge, şeýle-de 400 müň konteýneri ýükläp-düşürmäge ukyby bardyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly türgenler Buharestde erkin we grek-rim göreşi boýunça geçirilen halkara ýaryşda üç medal gazandylar
Täjigistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti GDA-nyň kosmos boýunça geňeşiniň başlyklygyna bellendi
Araly halas etmegiň halkara gaznasyna 3 ýyllap Gazagystan başlyklyk eder
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi
“Çelsiniň” Sterlingi bar
“Marvel”-iň täze filminde ýaş aktrisa surata düşer