Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça 60 kwota bölünip berildi

Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça 60 kwota bölünip berildi

Özbegistanyň ýokary okuw jaýlarynyň (ÝOJ) käbirinde 2024-2025-nji okuw ýyly üçin türkmen dili hünäri boýunça döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän 60 kwota bölünip berildi. Bu barada garaşsyz neşir “turkmen.news” habar berýär. Bu waka, Türkmenistanda milli azlyklaryň öz dilinde bilim almak we medeni hukuklarynyň ýagdaýyna ýene bir gezek üns çekdi.

“Garagalpak döwlet uniwersitetinde “Filologiýa: türkmen dili” hünäri boýunça 25 orun bölünip berildi” diýip, neşir Özbegistanyň Bilim ministrliginiň ýanyndaky Bilimlere we kärlere baha bermek gullugyna salgylanyp, 29-njy iýulda habar berdi.

Şeýle-de, habarda Nöküsiň döwlet mugallymçylyk institutynda “Başlangyç bilim” hünäri boýunça 10 ýeriň we “Türkmen dili we edebiýaty” hünäri boýunça 25 ornuň bölünip berlendigi hem bellenilýär.

Ýatlatsak, geçen ýyl özbek ÝOJ-larynda türkmen dili ugurlary boýunça 79 kwota bölünip berildi. Şonda bakalawr derejesini almak üçin okuwyň gündizki formasynda tölegsiz esasda 17 orun, tölegli esasda 42 orun açylypdy. Şeýle-de, Garagalpak döwlet uniwersitetinde magistr derejesini almak üçin türkmen dili hünärleri boýunça 20 orun bölünip berlipdi.

Olaryň dört sanysy tölegsiz, galan 16 sanysy tölegli esasda bilim bermäge niýetlenendi.

2022-2023-nji okuw ýylynda Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça bakalawr derejesini almak üçin 87 orun, magistr derejesini almak üçin 10 orun bölünip berlipdi.

Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetine görä, ýurduň diňe Garagalpagystan awtonom respublikasynda 100 müňden gowrak etniki türkmen ýaşaýar.

Goňşy döwletden tapawutlylykda, türkmen hökümeti ýurtda ýaşaýan etniki azlyklaryň, şol sanda etniki özbekleriň sanyny aç-açan mälim etmeýär. Ýöne “Daryo.uz” neşiriniň geçen ýylyň martynda çap eden maglumatyna görä, Türkmenistanda takmynan 300 müň etniki özbegiň we Özbegistanda 200 müň töweregi etniki türkmeniň ýaşaýandygy çaklanylýar.

Özbek ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça kwotalaryň tapgyr üçünji ýyl bölünip berilmegi, Türkmenistanda ýaşaýan etniki özbekleriň öz ene dillerinde bilim almak mümkinçiliklerinden mahrum bolýandyklaryna üns çekdi.

“Goňşy ýurtda ýaşaýan türkmenler üçin şeýle mümkinçilik döredilýän mahaly, Türkmenistandaky etniki özbekler üçin-de öz ene dilinde bilim almak mümkinçiligi döredilmeli. Özbek dilinde okadylýan mekdepler açylyp, ýokary okuw jaýlarynda özbek dili hünärleri boýunça kwotalar bölünip berilmeli” diýip, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherindäki Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy anonim şertde aýtdy.

Türkmenistanyň Lebap we Daşoguz welaýatlarynda etniki özbekler kowçum bolup ýaşaýar. Türkmen hökümeti bu sebitlerde sowet ýyllarynda döredilen özbek dillerinde bilim berýän mekdepleri garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda ýapdy.

Şeýle-de, käbir ÝOJ-laryň, şol sanda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň ençeme mugallymynyň sözlerine görä, sowet döwründe Türkmenistanyň uniwersitetlerinde we institutlarynda ýurtdaky etniki azlyklaryň, şol sanda özbekleriň we gazaklaryň dilinde bilim berýän hünär ugurlary hem bardy. Bu ugurlar hem garaşsyzlygyň ilkinji onýyllygynda tapgyrlaýyn esasda ýapyldy.

“Türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy öňe sürüp gelýän “türkmenleşdirme” syýasaty ýurtda ýaşaýan etniki azlyklaryň wekillerini, şol sanda etniki özbekleri diňe öz ene dilinde bilim almak däl, eýse käbir medeni hukuklardan hem mahrum edýär” diýip, lebaply mugallym belledi.

Türkmenistanda buluç, tatar, rus, ermeni, gazak, lezgin, azerbaýjan we özbek ýaly özge milletleriň wekilleri ýaşaýar. Olaryň ýurduň umumy ilatynyň näçe göterimini düzýändigi anyk belli däl.

Ýurtda beýleki milletleriň wekillerinden türkmen däp-dessurlaryny berjaý etmek, türkmen milli eşiklerini geýmek we türkmen dilinde gürlemek talaplary köp ýyl bäri saklanyp galýar. Olaryň öz däp-dessurlaryny berjaý etmek, toýlarda öz dillerinde aýdymlary aýtdyrmak gadagan edilýär.

Şu ýylyň maý aýynda Lebapdaky we Daşoguzdaky “soňky jaň” dabaralarynda “millilik talabynyň” güýçlenýändigi, Balkanda bolsa, welaýat derejesinde geçiriljek bu dabara, geçen ýyllardan tapawutlykda, diňe milleti türkmen bolan uçurymlaryň gatnaşmaly edilendigi barada habarçylarymyz maglumat berdiler.

Bu gadagançylyklaryň, çäklendirmeleriň we talaplaryň ählisi dilden berlen tabşyryk esasynda amal edilýär.

Türkmen häkimiýetleri we ýurduň berk döwlet gözegçiligindäki mediasy bu ýagdaýlar barada gürrüň gozgamaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Özbek parlament saýlawlaryna 146 türkmen dalaşgäri gatnaşýar. Türkmenistanlylar goňşy ýurduň saýlaw kampaniýasyna syn edýärler
Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Garagalpak Türkçesi
Ilhalar bagşy Bababamyrat Hamdamow dünýäden ötdi
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar