Özbegistanyň we Gazagystanyň howa maglumatlary merkezleri Türkmenistan bilen serhetdäki welaýatlarda jokrama yssy boljakdygyny duýdurýarlar

Özbegistanyň we Gazagystanyň howa maglumatlary merkezleri Türkmenistan bilen serhetdäki welaýatlarda jokrama yssy boljakdygyny duýdurýarlar

“Meteojurnal” neşiriniň habaryna laýyklykda, Özbegistanyň we Gazagystanyň howa maglumatlary merkezleri Türkmenistan bilen serhetleşýän welaýatlarda bir hepdäniň dowamynda aşa yssy howanyň boljakdygyny öz raýatlaryna duýdurýarlar.

“Uzgidrometiň” ýazmagyna görä, 17-22-nji iýulda Özbegistanda Türkmenistanyň territoriýasy arkaly Eýrandan yssy howa güýçlener. Şonuň bilen ilteşikli gündiz howanyň derejesi ýokarlanar: Garagalpagystan, Horezm, Buhara, Nowaýy, Kaşgaderýa we Syrderýa welaýatlarynda yssy howa 44-47 derejä ýeter.

“Kazgidrometiň” duýdurmagyna laýyklykda, howply iň güýçli yssy ýurdyň günorta-günbatar we günorta welaýatlarynda bolar. Türkmenistan bilen araçäkdäki Mangystau welaýatynda jokrama yssy 40-45 dereje bolar.

Türkmen howamaglumatlarynyň saýtynda bular çap edilen wagty habarlar elýetersizdi.

“Meteojurnalyň” duýdurmagyna görä, şu hepde Türkmenistanda hem aşa güýçli yssy bolar.

Köp sebitlerde yssynyň 41-46, kä ýerlerde bolsa, 47-48 dereje ýetmegi ähtimal.

Neşiriň barlaglaryna laýyklykda, ahyrky onýyllykda Türkmenistanda yssy 44 derejeden geçýär. Soňky 50 ýylda Aşgabatda şeýle howa 37 göterim artdy.

Hususanda, 2015-2021-nji ýyllarda aşa yssy günler boldy. Şol bir wagtda, ýagdaýlar howanyň ortaça derejesiniň diňe ýokarlanjakdygyny görkezýär.The post Özbegistanyň we Gazagystanyň howa maglumatlary merkezleri Türkmenistan bilen serhetdäki welaýatlarda jokrama yssy boljakdygyny duýdurýarlar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan barada maglumatlar
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Garagalpak Türkçesi
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar