Özbegistanyň uly ýaşly ilatynyň 100 göterime golaýy ykjam telefon ulanýar

Özbegistanyň uly ýaşly ilatynyň 100 göterime golaýy ykjam telefon ulanýar

Özbegistanyň Statistika agentliginiň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurduň 10 ýaşly we ondan ýokary ilatynyň 99,1 göterime golaýy ykjam el telefonyndan peýdalandy. Bu görkeziji 2022-nji ýyldakydan (97,8 göterim) we 2021-nji ýyldakydan (95,7 göterim) ep-esli köpdür.

2023-nji ýylda Özbegistan daşary ýurtdan ykjam telefonlaryň umumy bahasy 240,1 million dollar bolan 3,4 million sanysyny satyn aldy. Iň köp el telefonlary Hytaýdan satyn alyndy 3,1 million birlik. Ondan soňra Wýetnam (276,8 müň birlik), Hindistan (37,2 müň birlik) we BAE (7,8 müň birlik) ýerleşýär diýip, Daryo.uz habar berýär.

Ýene degişli makalalar

Türkiyede işsizlyk görkezijileri azalmaga dowam edýär
Özbegistanda türkmen maýa goýumynyň gatnaşmagynda döredilen 193 sany kärhana hereket edýär
Türkmenistan bilen Gresiýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 25 esse ýokarlandy
Ýanwar-aprel: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $288 milliona deň boldy
Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 288 million dollardan gowrak boldy
2023-nji ýylda Türkiyede 958 müň 408 çaga dünýä indi