2-nji dekabrda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Rawşanbek Alimow bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşygyň başynda daşary işler ministri R.Meredow ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we türkmen tarapynyň onuň diplomatik işinde zerur bolan goldawy we ýardamlary bermäge taýýardygyny beýan etdi.
Söhbetdeşligiň başynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň syýasy erki bilen amala aşyrylýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesi nygtaldy.
Mundan başga-da, ýurtlaryň sebit we ählumumy gün tertibiniň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygy, birek-biregiň BMG-niň, beýleki halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklar üçin uly mümkinçilikler bar. Şol bir wagtyň özünde diplomatlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky göni gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ikinji sebitara forumynyň we özbek harytlarynyň milli sergisiniň ähmiýeti barada aýdyldy.
Medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen baglanyşan türkmen hem özbek halklarynyň ynsanperwer ulgamdaky özara gatnaşyklaryna ünsi çekmek bilen, söhbetdeşler bu ugruň döwletara gatnaşyklarynyň depginli ösmeginiň esasy şertleriniň biridigini tassykladylar.