
Özbegistanyň häzirki Prezindenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň Merkezi saýlaw toparynyň deslapky maglumatlaryna laýyklykda, Prezident saýlawlarynda sesleriň 87,05 göterimi bilen ýeňiş gazanýar. Bu barada toparyň başlygy Zaýniddin Nizamhojaýew metbugat-brifinginde habar berdi diýip, TASS ýazýar.
Nizamhojaýewiň sözlerine görä, Respublikanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, Adolat sosial-demokratik partiýa tarapyndan saýlawlarda dalaşgär görkezilen Robahon Mahmudowa sesleriň 4,43 göterimini, Halk-demokratik partiýanyň baştutany Ulugbek Inoýatow 4,02 göterimini, Ekologik partiýanyň başlygy Abdyşukur Hamzaýew sesleriň 3,74 göterimini gazandy.
Merkezi saýlaw toparynda Mirziýoýewiň döwletiň saýlanan baştutanydygyny nygtadylar diýlip, habarda bellenýär.