Özbegistanyň Medeniýet günleriniň fonunda özbek azlyklary özleriniň hak-hukuklaryny talap edýärler

Özbegistanyň Medeniýet günleriniň fonunda özbek azlyklary özleriniň hak-hukuklaryny talap edýärler

18-nji noýabrda Türkmenistanda Özbegistanyň medeniýet günlerine badalga berildi. Aşgabadyň Mukamlar köşgünde geçirilen açylyş dabarasynda özbek sungat ussatlarynyň çykyşlary görkezildi diýip, türkmen metbugaty habar berýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki bir anonim emeldara salgylanyp, özbek medeniýet günleriniň çäginde geçirilýän iri dabaralaryň birnäçesiniň bu gezek Lebap welaýatynda hem geçirilýändigini aýdýar.

“Adatça, Özbegistan bilen resmi derejede aşa seýrek geçirilýän şeýle çäreler diňe Aşgabatda ýa-da käwagt Daşoguzda geçirilýärdi. Sebäbi, türkmen häkimiýetleri özleriniň seýrek çykyşlarynda Türkmenistandaky özbek azlyklarynyň esasan Daşoguz welaýatynda ýaşaýandyklaryny tassyklap gelýärdiler. Emma bu gezek şeýle iri çäreler Lebap welaýatynda geçirilýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistanyň Daşary işler ministrligindäki bir anonim emeldary sitirleýär.

Mukamlar köşgünde geçirilen açylyş dabarasynyň çäklerinde Özbegistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, şeýle-de aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlar görkezilipdir.

Etniki özbek azlyklarynyň wekilleri Özbegistanyň medeniýet günlerine syn edip, Türkmenistanda özleriniň barha gysylýan medeni hukuklaryny ýatlaýarlar.

Türkmenistanyň hökümeti ýurtda ýaşaýan milli azlyklaryň, şol sanda ýurduň iň iri azlyk toparlarynyň biri bolan etniki özbekleriň medeni hukuklaryny basgylamakda yzygiderli tankyt edilýär.

Synçylar türkmen häkimiýetleriniň ýyllarboýy alyp baran “türkmenleşdirme” syýasaty netijesinde ýurtda ýaşaýan özge milletleriň wekilleriniň mümkinçilikleriniň yzygiderli çäklendirilendigini aýdýarlar.

“Özbek dili we özbek mekdepleri bilen bagly meseleler onýyllyklaryň dowamynda çözülmeýän mesele bolmagynda galýar” diýip, etniki özbek azlyklarynyň bir wekili Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

“Garaşsyzlyk ýyllarynda ilkinji bolup, hut Lebap welaýatynda özbek mekdepleri eýýäm 1990-njy ýyllarda dolulygyna ýapylyp başlandy. Daşoguz welaýatynda özbek dilli dersler 2011-nji ýyla çenli saklanyp galypdyr, ýöne ondan soňra ol ýerde hem şeýle sapaklar dolulygyna ýatyrylypdyr” diýip, ol aýdýar.

Türkmenistanda goňşy halkyň medeniýet günleri dabara bilen bellenip geçilýän mahaly, özbek azlyklarynyň wekilleri hatda özleriniň toý dabaralarynda hem özbek aýdymlarynyň çäklendirilmegi, diňe türkmen aýdymlarynyň aýtdyrylmagy bilen bagly talaplar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar.

Ýatlasak, Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2023-nji ýylyň maýynda özbek azlyklarynyň kowçum bolup ýaşaýan sebitleriniň biri bolan Lebap welaýatynyň toý mekanlarynda bagşylardan diňe türkmen milli aýdym-sazlaryny ýerine ýetirmekligiň talap edilýändigini habar berdiler.

Şeýle talaplar 2024-nji ýylyň fewralynda Balkan welaýatynyň Balkanabat we Türkmenbaşy ýaly köpmilletli şäherlerinde beýleki azlyklaryň, şol sanda ermeni, rus we lezgin azlyklarynyň toý dabaralaryna-da degişli edildi.

Şonda Azatlyk Radiosynyň habarçylary günbatar sebitde restoran eýeleriniň toýlarda aýym-sazlaryň azyndan 80 göteriminiň türkmen dilinde bolmagyna gözegçilik edýändiklerini habar beripdiler.

Milli azlyklaryň hukuklary şu hili çäklendirmeler bilen gysylýan ýurtda goňşy halkyň medeniýet günlerine tomaşa edýän etniki azlyklar şeýle formal çäreleriň iki ýurduň arasyndaky medeni- ynsanperwer gatnaşyklara goşandyny sorag astyna alýarlar.

Milli azlyklaryň wekilleri özbek medeniýet günleriniň fonunda iki ýurduň arasynda dostlukly halklaryň özara gatnaşygyny bökdeýän käbir problemalara ünsi çekýärler.

“Iki ýurduň arasynda bar bolan berk wiza düzgüni sebäpli, serhetler ýapyk galýar. Hut serhetleriň ýapyklygy zerarly, ýerli ýaşaýjylar goňşy ýurtdaky ýakynlaryndan üzňe galýarlar” diýip, özbek azlyklarynyň wekilleri aýdýar.

Olar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ulag gatnawlarynyň, şol sanda otly, uçar we awtobus gatnawlarynyň ýola goýulmagyna çagyryş edýärler.

“Türkmenistanyň türkmenleşdirme’ syýasaty netijesinde etniki özbekler syýasy we ykdysady durmuşdan çetleşdirilýär. Etniki özbekler, ýa-da beýleki milli azlyklaryň wekilleri ýokary wezipelere dalaş edip bilmeýärler” diýip, azlyklaryň wekilleri aýdýarlar.

Bulardan başga-da, Türkmenistanda özbek diliniň gysylmagy hem-de özbek mekdepleriniň dolulygyna ýapylmagy özbek azlyklaryň wekillerini ynjalykdan gaçyrýan iň esasy problemalaryň hatarynda gelýär.Öňki ýyllarda türkmen häkimiýetleriniň özbek dilini hatda etniki özbekleriň öz aralarynda hem çäklendiren halatlary bolupdyr. Bu barada Türkmenistanyň döwlet mugallymçylyk institutyny tamamlan bir öňki talyp şeýle gürrüň berýär:

“Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda okan döwrümde etniki özbek kursdaşlarym öz aralarynda özbek dilinde gürlände, dekanlar we mugallymlar olardan türkmen dilinde geplemegi talap edýärdiler. Olar munuň sebäbini institutyň döwlet edarasydygy we onda hemmeleriň edebi türkmen dilinde gürleşmelidigi bilen düşündirýärdiler” diýip, ol aýdýar.

Türkmenistanda 2022-nji ýylda geçirilen soňky ilat ýazuwy ýurtdaky milli azlyklaryň sanyny mälim etmedi.

Soňky birnäçe ýyl bäri güýz aýlarynda Türkmenistanda Özbegistanyň medeniýet günleriniň, Özbegistanda bolsa Türkmenistanyň medeniýet günleriniň geçirilmegi däp boldy.

Türkmen mediasy iki gün dowam etjek bu çäreleriň özbek harytlarynyň sergisi bilen utgaşjakdygyny aýdýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi
Daşkentde geçirilen Magtymguly Pyragy çäresine çagyrylmadyk özbek azlyklary lapykeç bolýar
DT: Etniki türkmenler öz gonamçylyklaryna häkimiýetler tarapyndan ýykylmak howpunyň abanýandygyny aýdýar
Kiýewiň Şäher Häkimi Russiýany Etniki Arassaçylyk Etmekde Günäkärledi
HAD, Ermenistandan Azerbaýjanlylara Garşy Etniki Diskriminasiýanyň Öňüni Almagyny Isledi
Eýranyň Prezidenti sünni bir adamy özüne maslahatçy edip belledi