Özbegistanyň howa täzeleýji we sowadyjy senagat enjamlaryny öndürýän “Jihozvent” kompaniýasy türkmen bazaryna çykmagy meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň halkara söwda boýunça baş hünärmeni Şerzod Saidow bilen söhbetdeşlige salgylanyp, “Trend” habarlar gullugy ýekşenbe güni habar berdi.
Ş.Saidow kompaniýanyň öz işini giňeltmek üçin halkara sergilere işjeň gatnaşýandygyny nygtady.
“Ýakynda biz Gazagystanda we Täjigistanda geçirilen sergilere gatnaşdyk.Biziň öňümizde ýene-de iki sergä gatnaşmak meýilleşdirildi. Şolaryň biri hem Azerbaýjandaky çäreleriň yz ýany geçiriljek Türkmenistandaky sergidir.Biz bu ýurtlaryň bazarlaryna çykmagy hem meýilleşdirýäris.
Mundan daşary, ýylyň ahyrynda biz Dubaýdaky sergä gatnaşmagy göz öňünde tutýarys.Munuň üçin biziň diwarlygymyz eýýäm dolulygyna taýýar.Umuman, biz öz işimize täzelik girizmek we Ýewropanyň hem-de Merkezi Aziýanyň bazarlaryna çykmak isleýäris” diýip, Ş.Saidow aýtdy.
“Jihozvent” Özbegistanyň howa täzeleýji we sowadyjy ulgamlary üçin senagat enjamlaryny öndürmäge ýöriteleşen kompaniýasydyr. 2002-nji ýylda esaslandyrylan bu kompaniýa Özbegistanyň bazarynda 20 ýyldan gowrak wagtdan bäri işläp gelýär. Kompaniýada 400-den gowrak hünärmen zähmet çekip, onuň önümçilik çägi 4 gektardan gowrak ýeri eýeleýär.