Özbegistanyň ilçisi Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy

Özbegistanyň ilçisi Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň gurluşygynyň gidişi bilen tanyşdy

Özbegistanyň ilçisi Akmaljon Kuçkarow Türkmenistanyň Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň çäginde Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Bu barada Dunyo.uz habar berdi.

Potratçy guramanyň — Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Merkezi müdiriýetiniň abatlaýyş-gurluşyk bölüminiň wekilleri gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy bilen tanyşdyrdylar.

2021-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda gol çekilen Hökümetara ylalaşyga laýyklykda, häzirki wagtda Özbegistanyň Horezm welaýatynda we Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda söwda merkezleri — hersiniň meýdany 3 gektara barabar bolan erkin serhetýaka söwda zolaklary gurulýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda, Daşoguz welaýatyndaky Türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynda Söwda merkeziniň gurluşyk işleri 2023-nji ýylyň iýul aýynda başlandy. 2025-nji ýylyň iýul aýynda onuň ulanylyşa berilmegi meýilleşdirilýär.

Öz gezeginde Özbegistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, Horezm welaýatynyň Şabat etrabynyň çäginde serhetýaka söwda zolagynyň — Söwda merkeziniň gurluşygy başlandy.

Bu desgalaryň işe girizilmegi diňe bir iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna goşant goşman, eýsem, Horezm we Daşoguz welaýatlarynyň ykdysady mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýerli ilatyň abadan ýaşaýyş derejesini gowulandyrmak üçin şert döreder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
II türkmen-özbek sebitara forumy ýokary netijeli geçirildi
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ilkinji nobatda özara gelim-gidim ýeňilleşdirilmeli synçy, telekeçi
Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi