Özbegistanyň ilaty her gün 2 müň adama golaý köpelýär

Özbegistanyň ilaty her gün 2 müň adama golaý köpelýär

Özbegistanyň ilatynyň günlük artyşy 2 müň adama golaýdyr diýip, Respublikanyň Statistika edarasyna salgylanýan Kazinform ýazýar.

Statistika edarasynyň maglumatlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndaky ýagdaýa görä, ýurduň ilaty 36 372 276 adama deň boldy we ýylyň başyndan bäri 347,3 müň adam ösüş görkezdi.

Özbegistanyň ilaty 2023-nji ýylyň her aýynda ortaça 57,9 müň adam artýar. Her gün bolsa ortaça 1,9 müň köpelýär diýlip, habarda bellenýär.

Häzirki wagtda Respublikada 18 306,3 erkek we 18 066,0 müň zenan ýaşaýar. Şunda şäher ilaty 18 557,5 müň, oba ilaty 17 815,8 müň adama deňdir.

Statistika edarasy Özbegistanyň ilatynyň 2030-nji ýylda 41 million adamdan geçjekdigini çaklaýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Astana geldi
Jeki Çan dombranyň owazyna goşup aýdym aýtdy
Bakuwda agzalygynda Türkmenistan hem bolan Turkic.World media platformasynyň ofisi açyldy
Gazagystan bilen Özbegistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy artdy
Nigeriýaly aglamak boýunça dünýä rekordyny goýmakçy bolýarka gözi gapyldy
Gazagystan Türkmenistanyň serhedine barýan awtoulag ýolunda abatlaýyş işlerini amala aşyrar