Türkmenistanda Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Şu gün ir bilen halkara festiwalyň açylyş dabarasy geçirildi. Üç günläp dowam etjek halkara festiwalyň ilkinji güni oňa gatnaşýan myhmanlara, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin görkezilen sahna eserleri barada habar berdik.
Halkara teatr festiwalynyň ilkinji güni Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň artistleri Şasenem we Garyp (Oshiq Garib va Shohsanam) atly sahna eseri bilen çykyş etdiler.
Şasenem we Garyp (Oshiq Garib va Shohsanam) atly sahna eseri 2021-nji ýylda ilkinji gezek özbek halkyna görkezilipdir.Otabek Ýakubowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Spektakl özbek halk etnografiýasynyň, milli sazynyň, milli däpleriniň we nyşanlarynyň esasynda goýuldy.
Aşyk Garyp we Şasenem eserinde Garybyň we Şasenemiň bir-birine bolan päk söýgüsi, wepalylygy we ajaýyp duýgulary açylyp görkezilýär.Eger emeldarlary wezipeparazlyk, dönüklik, haýynlyk, açgözlük üçin ýazgarýan bolsalar, raýdaşlyk duýgularynyň wasp edilýän pursatlary hem bolup, olarda päk söýgini, ýurda, umumadamzat gymmatlyklaryna wepalylygy, watana söýgini, halkyňa, dostluk-doganlyga ygrarlygy görkezýärler.
Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry barada gysgaça maglumat bersek, bu teatr 1922-nji ýylda esaslandyrylypdyr.Geçen 100 ýyldan gowrak wagtyň içinde teatrda dürli žanrdaky sahna eserleri goýlupdyr.
Teatryň döredijilik topary diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem özleriniň sahna eserleri bilen çykyş edipdirler.Häzirki güne çenli teatrda Özbegistanyň halk artisti, Özbegistanyň at gazanan artisti ýaly 50-den gowrak döwlet sylaglaryna mynasyp bolan artistler zähmet çekdiler we häzirki wagtda tejribeli artistleriň birnäçesi zähmet çekýärler.
Türkiýe, Gazagystan, Azerbaýjan, Türkmenistan ýaly ýurtlar bilen medeni hyzmatdaşlygy ösdürmek isleýän Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry ady agzalan ýurtlarda geçirilen medeni çärelere, halkara festiwallara yzygiderli gatnaşýar.