Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry halkara festiwalda Şasenem we Garyp atly sahna eseri bilen çykyş eder

Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry halkara festiwalda Şasenem we Garyp atly sahna eseri bilen çykyş eder

Aşgabatda hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçiriljek Bagtyýar döwürde teatr sungaty atly IV halkara teatr festiwalyna Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatrynyň döredijilik hem gatnaşar.

Dostlukly ýurduň teatr artistleri halkara festiwalda Şasenem we Garyp (Oshiq Garib va Shohsanam) atly sahna eseri bilen çykyş ederler.

Özbegistanly teatr artistleriniň festiwalda görkezjek Şasenem we Garyp (Oshiq Garib va Shohsanam) atly sahna eserleri 14-nji noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda görkeziler. Oýun 19:00-da başlanar.

Sahna eseri barada gysgaça belläp geçsek, spektakl özbek halk etnografiýasynyň, milli sazynyň, milli däpleriniň we nyşanlarynyň esasynda goýlupdyr. Aşyk Garyp we Şasenem eserinde Garybyň we Şasenemiň bir-birine bolan päk söýgüsi, wepalylygy we ajaýyp duýgulary açylyp görkezilýär.

Eger emeldarlary wezipeparazlyk, dönüklik, haýynlyk, açgözlük üçin ýazgarýan bolsalar, raýdaşlyk duýgularynyň wasp edilýän pursatlary hem bolup, olarda päk söýgini, ýurda, umumadamzat gymmatlyklaryna wepalylygy, watana söýgini, halkyňa, dostluk-doganlyga ygrarlygy görkezýärler.

Ýene degişli makalalar

Özbek teatry Şasenem we Garyp atly sahna eserini görkezdi
Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry Şasenem we Garyp atly sahna eseri bilen Aşgabatda çykyş etdi
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň meýilnamasy belli boldy
Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy bilen tanyş boluň!
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň meýilnamasy belli boldy
14-nji noýabrda Türkmenistanda Halkara teatr festiwaly başlanar