Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar

Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar

1-2-nji iýulda Garagalpagystanyň (Özbegistanyň düzümindäki awtonom respuplikasynyň) paýtagty Nukusda köpçülikleýin protestler boldy. Munuň sebäbi Özbegistanyň Baş kanunyna giriziljek düzedişler bolupdy.Oňa görä, Garagalpagystan ähliumumy referendum arkaly döwletiň düzüminden çykmak hukugyndan mahrum bolýar.

2-nji iýulda Nukusa baran prezident Şawkat Mirziýoýew respublikanyň hukuk durumy boýunça kadalaryň taslamasynyň hiç bir düzedişsiz galdyryljakdygyny söz berdi.

Nukusdaky tolgunşyklar netijesinde 18 adam öldi, 243-si ýaralandy (bularyň 38-si hukuk goraýjy edaralarynyň wekilleri).

5-nji iýulda Türkmenistanyň DIM-niň beren habaryna görä, ministrlik “soňky günlerde Garagalpagystan Respublikasynda bolan wakalar bilen ilteşikli maglumatlara gaty aladalanýar”.

“Türkmen tarapy Özbegistanyň ýolbaşçylarynyň ýurtda Konstitusiýa gurluşy, tertip-düzgüni, howpsuzlygy we ilatyň asudalygyny goramak üçin öz wagtynda hem aýgytly hereketini goldaýar” diýlip maglumat habarda aýdylýar.

Şeýlede Türkmenistan zerur bolan goldawy we kömegi bermäge taýýar diýip DIM ýazýar.

Mundan bir gün owal, 4-nji iýulda Şawkat Mirziýoýew Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Täjigistanyň prezidentleri bilen telefon arkaly gepleşip, Garagalpagystan respublikasynda “asudalygy we durnuklulygy üpjün etmegi” maslahatlaşdy. Bu barada onuň metbugat gullugy habar berýär.

Özbek prezidenti Türkmenistanly kärdeşi Serdar Berdimuhamedow bilen telefonlaşmady.

Ýatlatsak, Türkmenistan beýleki döwletlerde bolup geçýän tolgunşyklar-ne Ukraýinadaky uruş ýa-da şu ýylyň ýanwarynda Gazagystanda bolan köpçülikleýin protestler barasynda resmi habarlarynda göni maglumat bermekden gaça durýar.

Adatça, Türkmenistanyň daşyndaky tolgunşyklaryň hakimiýetleri aladalandyrýandygy beýleki ýurtlaryň metbugat gulluklarynyň maglumatlaryndan belli bolýar.The post Özbegistanyň häkimiýetleriniň Garagalpagystan babatda “aýgytly hereketini” Türkmenistan goldaýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Özbegistanyň Garagalpagystan Awtonomiýasynda 14 adam göz tussaglygyna alyndy
Jumasapar Dädebaýewiň işi: aktiwist ogurlanandygyny we psihotropiki serişdeleriň ulanylandygyny aýdýar
Özbegistanda Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
Nukusda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we türkmen-özbek dostlugynyň hormatyna çäre geçirildi