Özbegistanyň daglarynda Ýüpek ýolunyň ýiten şäherleri tapyldy

Özbegistanyň daglarynda Ýüpek ýolunyň ýiten şäherleri tapyldy

Arheologlar gündogar Özbegistanyň daglarynda iki sany orta asyr şäheriniň harabalyklarynyň üstünden bardylar. Bu barada BBC habar berdi diýip, Belta.by ýazýar.

Uzak wagtlap, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky gadymy söwda ýollary baýyrlyklaryň jümmüşinden geçendir öýdülýärdi. Emma uzak aralykdan barlamak boýunça tehnologiýalaryň kömegi arkaly söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda ýerleşen dag üstündäki iki sany şäheriň galyndylaryny tapmak başartdy.

Şäherleriň biri Tugunbulak deňiz derejesinden 2 müň metr beýiklikde ýerleşýär, häzirki wagtda şeýle beýiklikde dünýä ilatynyň bary-ýogy 3 göterimi ýaşaýar, muňa Tibetdäki Lhasa we Peruwdaky Kusko mysaldyr.

Bu tapyndy bilen Merkezi Aziýanyň taryhy özgerýär diýip, arheolog Farhod Maksudow aýdýar.

Tugunbulak hem-de ondan biraz kiçi bolan Taşbulak şäherleri VIII we XI asyrlaryň aralygynda ýaşaýyş gaýnap-joşan ilatly ýerler bolupdyr, şol döwürde bu sebit kuwwatly türki nesilşalygyň golastynda ekeni diýlip, habarda bellenýär.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada Patyşa maşgalasynyň iň garry agzasy şa zenan Mikasa aradan çykdy
Günorta Koreýada bazardaky ýangynda 227 dükan ýandy
Berliniň üstünde asman jisimi partlady
Lukaşenko Geely milli awtoulaglaryna uzyn nobatyň dörändigini habar berdi
Hytaýyň ilaty iki ýyl bäri azalýar
GAR-da tokaý ýangynlaryna garşy göreşýärler