Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň jemleýji gününiň maksatnamasy giň gerimli çärelere baý boldy. Giň möçberli medeni forumyň türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramyna bagyşlanan çäreler bilen utgaşdy. Bu barada Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
31-nji oktýabrda günüň birinji ýarymynda Türkmenistanyň wekiliýeti Özbegistanyň gadymy şäherleriniň biri bolan Buhara şäherinde ýerleşýän Gögeldaş medresesine baryp gördi. Bu medresede beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragy bilim alypdyr. Magtymgulynyň ilkinji neşir edilen eserleriniň biriniň hut Buharada 1910-njy ýylda Hezreti Magtymgulynyň diwanlary ady bilen neşir edilendigini hem bellemek gerek.
Wekiliýetiň agzalaryna medresäniň taryhy, binagärligi we onda bilim alan şahsyýetler barada gyzykly gürrüňler berildi. Şeýle hem türkmen medeniýet we sungat işgärleri Magtymguly Pyragynyň bu ýerde bilim alan döwründe ýaşan otagyna baryp gördüler.
Açylyş dabarasynyň dowamynda medeniýet we sungat işgärleriniň joşgunly aýdym-sazlaryna giň gerim berildi.
Şol gün Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy.
Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasyna iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.
Meşhur halk sazandalary we bagşylary, opera we estrada aýdymçylary, Miras folklor tans topary döredijilik baýramçylygynyň myhmanlaryna öz sungatyny görkezdiler.
Gadymy türkmen Küştdepdi tansynyň ýerine ýetirilmegi konserte özboluşly ösüşgin çaýdy.
Dabara gatnaşanlar Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň dowamynda geçirilen duşuşyklaryň, guralan serginiň we aýdym-sazly çykyşlaryň özara hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn orun eýleýändigini nygtadylar.