30-njy sentýabrda Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda dostlukly ýurtda oktýabr aýynda geçiriljek iri syýasy çäräniň ýurduň kanun çykaryjy edarasyna (Oliý Majlis) we ýerlerdäki halk häkimiýetiniň edaralaryna wekilleriň (Geneş) saýlawlaryna bagyşlanan brifing geçirildi.
Brifinge gazet-žurnallaryň we habar portallarynyň žurnalistleri gatnaşdylar. Brifingde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisiniň wagtlaýyn ýerine ýetirijisi Uktam Nazarow çykyş edip, Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasy tarapyndan 27-nji oktýabrda ýurduň kanun çykaryjy edarasyna we ýerlerdäki halk häkimiýetiniň edaralaryna wekilleriň saýlawlarynyň geçiriljekdigi barada habar berdi.
Bu saýlawlar täze jemgyýetçilik-syýasy gurşawda geçirmek meýilleşdirilýär. Ilki bilen, Oliý mejlisiň kanun çykaryjy palatasyna saýlawlar Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek garyşyk, ýagny, majoritar-proporsional saýlaw ulgamy esasynda geçiriler.
Ikinjiden, saýlaw komissiýalarynyň işi ähli ugurlarda doly sanlylaşdyryldy.
Üçünjiden, ösen demokratik ülňülere laýyklykda, saýlaw kanunçylygy doly kämilleşdirildi. Hususan-da, Özbegistan Respublikasynyň Merkezi saýlaw komissiýasynyň ýolbaşçylygyndaky saýlaw edaralarynyň täze ulgamy girizildi.
Dördünjiden, saýlawlar täzelenen Konstitusiýada göz öňünde tutulan ýerli wekilçilikli guramalaryň ygtyýarlyklaryny ep-esli güýçlendirmek şertlerinde geçiriler.
Saýlawda Kanun çykaryjy palatanyň 150 wekili, Senatyň 56 agzasy, Garagalpagystan Respublikasynyň Ýokary geňeşiniň 65 wekili, Daşkent we 208 etrap (şäher) Geňeşiniň wekilleri saýlanar.
Saýlawlara 30 müňe golaý dalaşgäriň, saýlaw komissiýasynyň 120 müňden gowrak guramaçy agzasynyň we 70 müňden gowrak ýerli we daşary ýurtly (halkara) synçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
Oliý Mejlisiniň kanun çyakryjy palatasynyň deputatlarynyň we ýerli Geňeşiniň saýlawlaryna aşakdaky syýasy partiýalar gatnaşar:
– Telekeçileriň we işewür adamlaryň ösüşi – Özbegistanyň Liberal demokratik partiýasy;
– “Milliý Tiklaniş”- Özbegistanyň demokratik partiýasy
– Özbegistanyň ekologiýa partiýasy;
– Özbegistan Halk demokratik partiýasy;
– “Adolat” Sosial-demokratik partiýasy.
Diplomatyň aýtmagyna görä, raýatlaryň saýlaw hukuklaryny üpjün etmek maksady bilen, 39 sany Özbegistanyň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynyň garamagynda 53 sany uçastok döredildi. Şeýle göçme uçastoklaryň biri —43-nji saýlaw uçastogy Türkmenistanda hereket eder. Munuň özi Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýa-da wagtlaýyn ýaşaýan özbek raýatlarynyň öz saýlaw hukuklaryndan doly derejede peýdalanmaga we mynasyp gören dalaşgärlerini saýlamaga döredilen mümkinçilikdir.