Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar

Özbegistanda täze halkara awtobus gatnawlary ýola goýlar

Özbegistan şu ýylyň ahyryna çenli halkara awtobus gatnawlarynyň täze 10 ugruny işe goýbermekçi diýip, ýurduň Ulag ministrligine salgylanýan Daryo.uz habar berdi. Täze gatnawlar ýurduň sebitleriniň merkezleri we ýakyn daşary ýurtlaryň, ýagny Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Russiýanyň şäherleri bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.

Täze gatnaw ugurlary Özbegistanyň paýtagty bilen Bişkek, Ufa, Krasnodar şäherleriniň arasynda ýola goýlar. Şeýle-de Samarkant, Buhara, Şährisabz şäherleri bilen Bişkek, Türküstan, Duşanbe şäherleriniň arasynda awtobus gatnawlary işe goýberiler.

Häzirki wagtda Özbegistanyň şäherleri bilen GDA agza ýurtlaryň arasynda 37 halkara awtobus gatnawlarynyň hereket edýändigi aýdylýar. Olar boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 173 müň ýolagçy gatnadyldy, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 15 göterim köpdür.

Ýene degişli makalalar

Abdulkadir Damolla uýgur ýazyjysy, şahyr döwlet adamy we alym
Zaki Walidi Togan
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
Birleşdiriji sport: Olimpiada Merkezi Aziýa halklarynda hoşniýetli goňşuçylyk ruhuny oýardy
Musa Jarullah
Türki Dünýäniň Konwensiýasy Kabul Edildi