6-njy noýabrda Daşkent şäherindäki Alişer Nowaýy adyndaky uly akademiki teatrda Gündogaryň Beýik akyldary we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly döredijilik agşamy geçirildi. Bu çäre Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňişleýin bellemek hakynda karary esasynda guraldy.
Bu dabaraly çärä Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.Nazarbekow, Ýazyjylar birleşiginiň başlygy S.Saidow, Respublikan Türkmen medeniýet merkeziniň G.Awezdurdyýewa, Medeniýet ministrliginiň ýanyndaky Kinematografiýa agentliginiň direktory Ş.Rizaýew, Daşary işler ministrliginiň wekilleri, ýazyjylar, şahyrlar, görnükli sungat ussatlary, türkmen diasporasynyň we köpüçlikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hem-de Özbegistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdy.
Özbegistan Respublikasynda Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemekligiň çäklerinde geçirilen bu döredijilik agşamynda çykyş edenler Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň diňe bir türkmen halky üçin däl-de, eýsem dünýäniň ähli halklary üçin möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, geçirilýän şeýle çäreleriň Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň has-da giňeýändiginiň aýdyň mysaly bolup çykyş edýändigini bellediler.
Döredijilik agşamynyň dowamynda Gündogaryň Beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň ajaýyp şygyrlaryna döredilen aýdym-sazly çykyşlar we döredijilik kompozisiýalary görkezildi.
Şeýle hem, çäräniň çäklerinde Daşkent şäheriniň Magtymguly köçesinde ýerleşýän Gündogaryň beýik akyldary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi.