Özbegistanda Chevrolet Lacetti ulagy önümçilikden aýrylar

Özbegistanda Chevrolet Lacetti ulagy önümçilikden aýrylar

UzAuto awtoulag öndürijisi önümçilikden Chevrolet Lacetti (Daewoo Gentra ady bilen tanalýan) sedanyny aýyrmakçy, ol Özbegistanda 2003-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýärdi. Bu barada Gazeta.ru ýazýar.

Neşiriň ýazmagyna görä, Lacetti kysymynyň Özbegistandaky zawodda önümçiligi 2024-nji ýylyň başyndan bes ediler. Onuň ýerinde Chevrolet Cobalt we Onix sedanlary çykarylyp başlanar. Kärhana şeýle hem bu amerikan brendiniň täze býujet kysymyny öndürmegi meýilleşdirýär, onuň ady heniz gizlin saklanýar.

Ulagyň 106 at güýji bolan 1.5 hereketlendirijisi hem-de 6 basgançakly awtomatik transmissiýasy bar.

Ýene degişli makalalar

UEFA Çempionlar ligasynda 3-nji saýlama tapgyrynda garaşylmadyk netijeler
Stetham bilen Riçiniň bilelikdäki 4-5-nji filmleri
Çempionlar ligasynyň saýlama tapgyrynyň bijeleri
UEFA Ýewropa ligasy
UEFA Ýewropa ligasy
UEFA Ýewropa ligasy