Özbegistan ýyllyk kuwwaty 1,34 million tonna bolan metanol zawodyny gurar

Özbegistan ýyllyk kuwwaty 1,34 million tonna bolan metanol zawodyny gurar

Polimer önümçiliginde innowasiýa öňdebaryjylygy bilen tanalýan we Merkezi Aziýada metanoldan olefin (MTO) öndürmek boýunça tehnologiýa esaslanýan Özbegistanyň gazhimiýa toplumy metanol öndürýän zawod gurmak maksady bilen senagat gazlaryny gaýtadan işlemek üçin “Air Products” kompaniýasy bilen ylalaşyk baglaşdy. Bu barada Özbegistanyň “Dunyo” agentligi habar berdi.

"Metanol adasy" diýlip atlandyrylýan bu desganyň ýyllyk kuwwaty 1,34 million tonna barabar bolup, ol metanoldan olefin öndürmek üçin Özbegistandaky gazhimiýa toplumynyň bir bölegi bolar. Özbegistanyň Buhara welaýatynda ýerleşýän “Garaköl” erkin ykdysady zolagynda 15 gektar meýdanda guruljak desganyň 2025-nji ýylda ulanylmaga berilmegine we ulanyş möhletiniň 25 ýyl bolmagyna garaşylýar.

Gazhimiýa toplumynda ulanylýan ösen innowasiýa tehnologiýalary tebigy gazy ýokary bahaly polimer önümlerine gaýtadan işlemäge we ýylda 1 million 110 müň tonnadan gowrak önüm öndürmäge mümkinçilik berýär.

Metanoldan olefin öndürýän gazhimiýa toplumy polipropilen (ýylda 250 müň tonna), pes dykyzlykly polietilen (ýylda 80 müň tonna), etilen winil asetat (ýylda 100 müň tonna), polietilen teraftalat (ýylda 300 müň tonna) we ýokary dykyzlykly polietilen (ýylda 280 müň tonna) öndürer. Bularyň hemmesi emeli süýümden başlap, turba we gaplama örtgülerini öndürmekde ulanylýar.

Şeýle hem metanol öndürýän zawod metanoldan olefin öndürýän gazhimiýa toplumynyň önümçiligi üçin zerur bolan metanol, wodorod we beýleki tehniki gazlar bilen ony yzygiderli üpjün eder.

Bu desganyň gurluşygyndan soň metanol öndürýän zawod wodorod öndürýän bölümi, howany bölýän desgany, şeýle hem “Haldor Topsoe” tehnologiýasyna esaslanýan sintez gazyny öndürmek we ony metanola öwrülmek üçin niýetlenilen metanol öndürýän desgany öz içine alar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
“Garabogazkarbamid” 463,8 müň tonnadan gowrak karbamid dökünini eksport etdi
Türkmen-koreý gaz-himiýa toplumy 2018-de işe giriziler
Gaz pudagyny ösdürmegiň konsepsiýasy: ýokary tehnologiýalar we eksporty diwersifikasiýalaşdyrmak
17.08.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki mejlisi