Özbegistan we Saud Arabystany howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmakçy

Özbegistan we Saud Arabystany howa gatnawlarynyň sanyny artdyrmakçy

Özbegistan we Saud Arabystany şäherleriň arasynda yzygiderli howa gatnawlarynyň sanyny hepdede 70-e çenli artdyrmak barada ylalaşdylar diýip, Trend habar berýär.

Bu ugurda geleşik ICAN-2023 çäresiniň barşynda Özbegistanyň Ulaglar ministrliginiň wekilçilikli topary bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň Howa edarasynyň arasynda baglaşyldy.

Daşkentden Saud Arabystanynyň şäherlerine hepdede 14 gatnaw amala aşyrylar, hepdede halkara howa menzilleri bolan şäherleriň arasynda 21 gatnaw ýola goýlar. Uçuşlaryň köpeldilmegi Özbegistan bilen Saud Arabystanynyň arasynda howa gatnawyny, şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň özara gatnaşyklaryny berkider.

Ýene degişli makalalar

Türkmenhowaýollary agentligi ICAO bilen bilelikde sebit treningini geçirer
Turkish Airlines: täze nyrhlar we amatly tertipnama
Hytaýyň we Russiýanyň Bombardyman Uçarlary Ýaponiýanyň Golaýynda Bilelikde Uçuş Amala Aşyrdy
Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Moskwa boýunça gatnawlaryny dowam etdirer
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Bangkok ugry boýunça howa gatnawlaryny amala aşyrar