Özbegistan we Gyrgyzystan 2024-nji ýyldan başlap, bilelikde awtoulaglaryň 12 kysymynyň önümçiligini ýola goýmakçy. Bu barada Gyrgyz Respublikasynyň ykdysadyýet we telekeçilik ministri Daniýar Amangeldiýew habar berdi diýip, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetine salgylanýan Trend ýazýar.
Amangeldiýew häzirki wagtda UzAwtoSanoat kompaniýasy bilen bilelikde Altyn-Tulpar atly awtoulag ýygnalýan zawody işe goýbermäge taýýarlyk görülýändigini habar berdi.
Zawod öz işine geljek ýyl başlar diýlip garaşylýar.Taslama Özbek-Gyrgyz ösüş gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýär.
Taslamany umumy 30 müň awtoulag we telekeçilik tehnikalaryny öndürmek maksady bilen, durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.