
Özbegistandan Brzailiýa tarap konteýner otlusy iberildi. Ol Türkmenistanyň hem çäginden geçer. Bu barada Daryo.uz habar berdi.
Çeşmäniň bellemegine görä, Daşkentden ugran konteýner otlusy 20 günde Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň üsti bilen Gruziýanyň Poti deňiz portuna barar. Ol ýerden bolsa konteýnerler deňiz ýoly arkaly 35-45 günde Braziliýanyň Paranagua portuna eltiler. Konteýner otlusynyň umumylykda 60-70 günde ahyrky menzile barmagyna garaşylýar.
Ýeri gelende bellesek, konteýner otlusynyň esasy ýüki karbamidden ybaratdyr.