Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär

Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär

Özbegistan Türkmenistandan nebit satyn almagy meýilleşdirýär. Bu barada Uzbekneftgaz kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Uzbekneftgaz kompaniýasy Buharadaky nebiti gaýtadan işleýän zawody çig mal bilen üpjün etmek üçin şu ýylda Hazaryň türkmen kenarynda nebiti gazyp almak bilen meşgullanýan PETRONAS Çarigali türkmen kompaniýasyndan nebit satyn almagy meýilleşdirýär.

Habarda bellenilişine görä, PETRONAS Çarigali kompaniýasynyň wekiliýetiniň Daşkent şäherine amala aşyran saparynyň çäginde Uzbekneftgaz kompaniýasynyň ýolbaşçy düzümi bilen geçirilen gepleşiklerde taraplar türkmen nebitini Özbegistana ugratmak boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan türkmen nebitini satyn almak barada ylalaşdy, Aşgabat we Kazan göni howa gatnawy bilen birleşer, russiýaly telekeçiler 2023-nji ýylyň aprelinde Türkmenistana gelerler we beýleki habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
PETRONAS Çarigali Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar
Özbegistan türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär
“Argus” türkmen kompaniýalaryny Dubaýda geçiriljek nebit önümleriniň konferensiýasyna çagyrýar
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar