Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny satyn alar

Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny satyn alar

Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alar. Muny Özbegistanyň Prezidentiniň Metbugat sekretary Şerzod Asadow mälim etdi diýip, Uzdaily habar berýär.

Asadow Özbegistanyň Prezidentiniň Türkmenistana eden sapary wagtynda ýurtlaryň elektroenergetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşandygyny aýtdy. Hususan-da, Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny satyn alar.

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Gyrgyzystana hem 2 milliard kWt sagat elektrik energiýasyny eksport etmegi barada şertnama gol çekilmegine garaşylýar. Türkmen elektrik energiýasynyň Gyrgyzystana eksporty Özbegistanyň üsti bilen amala aşyrylar. Häzirki wagtda Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasynda bu barada degişli şertnama taýýarlanylýar.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Türki Dilli Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň indiki mejlisi Soçide geçiriler
Türkmen wekiliýeti Astanada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
Özbegistan dört milýard kilowatt sagat elektrik energiýany Türkmenistandan satyn alar
Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alar
Özbegistan 4 milliard kilowat sagat türkmen elektrik energiýasyny import eder