
Özbek habar serişdeleriniň “Uzagrotehsanoatholding” edarasynyň wekiliniň sözlerine salgylanyp berýän maglumatyna görä, tehnikalaryň birinji tapgyry şu ýylyň aýagyna çenli, ikinji tapgyry hem geljek ýylyň ýanwar-mart aralygynda ugradylar.Geçen aý türkmen prezidenti Özbegistandan oba-hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň uly tapgyryny satyn almak baradaky karara gol goýupdy.
Dokumente laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrligine Türkmenistanyň prezidentiniň 2017-nji ýylyň 6-njy martynda çykaran 88-nji Kararyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň “Uzsanoateksport” paýdarlar jemgyýeti bilen baglaşan şertnamasyna goşmaça ylalaşygy baglaşmaga ygtyýar berildi.