Özbegistan türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Özbegistan türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

"Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasynyň wekilleri bilen “Özbekneftegaz” paýdarlar jemgyýetiniň wekilleriniň arasynda sişenbe güni Özbegistanda geçirilen duşuşygyň dowamynda 2023-nji ýylda Türkmenistandan Özbegistana nebit ibermek meýilnamasyny bilelikde taýýarlamak barada ylalaşyk gazanyldy. Bu barada “Özbekneftegaz” kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekdäki ýerine ýetirilýän işleri we nebit pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem kompaniýalaryň wekilleri özara söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigini nygtadylar.

Söhbetdeşligiň dowamynda Buhara nebiti gaýtadan işleýän zawod bilen "Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" kompaniýasynyň önümçilik kärhanalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu nebiti gaýtadan işleýän zawodda gaýtadan işlemek üçin türkmen çig nebitiniň importy boýunça uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine aýratyn üns berildi.

"Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd" Hazar deňziniň türkmen ýataklarynda nebit we gaz öndürmek boýunça operatorlaryň biri bolup durýar. Ol Malaziýanyň iri nebit-gaz kompaniýasy “Petronasyň” golçur kärhanasy bolup, ol önümçilik mukdary boýunça dünýäde öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalarynyň hataryna girýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň nebiti we gazy 2024 atly halkara maslahat we sergi
Türkmenistandaky Petronas Çarigali kompaniýasy işe çagyrýar
PETRONAS Çarigali Türkmenistan bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga taýýar
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlarydyr ýaş alymlary daşary ýurtlarda saparda bolýarlar
PETRONAS “OGT 2023” maslahatynyň we sergisiniň altyn hyzmatdaşy boldy
PETRONAS Çarigali Sdn Bhd kompaniýasy ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar