Özbegistanyň döwlet demir ýol kompaniýasy şenbe güni Özbegistandan Owganystanyň üsti bilen Pakistana uzaýan demirýoly gurmak boýunça meýilnamany durmuşa geçirmek boýunça Daşkentde taslama utgaşdyryş edarasyny açandygyny mälim etdi. Bu barada “Eurasia.net” habarlar gullugy habar berdi.
Owganystanyň demir ýol müdirliginiň başlygy Baht-ur-Rehman Şarafat açylyş dabarasynda çykyş edip, Daşkent şäherindäki bu taslama edarasynyň hünärmenlere has netijeli işlemäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.
Pakistanyň Özbegistandaky ilçisi Ahmed Faruk bu çäräniň dowamynda bu ugruň gurluşygynyň tamamlanmagy Merkezi Aziýany Pakistanyň 230 million ilatyna ýakynlaşdyrjakdygyny we Arap deňziniň kenarynda ýerleşýän ýurtlar bilen söwda mümkinçiliklerini giňeltjekdigini belledi.
Demirýol gurmak baradaky ilkinji teklip 2017-nji ýylda öňe sürülip, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Owganystanyň öňki Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen Mazari-Şarifden Hyrada çenli uzaýan demirýoly gurmak barada ylalaşyga gol çekdi.
Habarda bellenilişi ýaly, 760 kilometre uzaýan bu demirýol harytlaryň iberiliş wagtyny bäş güne çenli azaldyp, ýük daşamak üçin çykdajylary 30-40 göterim peselder.Bu taslamany 2027-nji ýylyň ahyryna çenli doly tamamlamak we 2030-njy ýyla çenli her ýylda 15 million tonna haryt daşamak meýilleşdirilýär.
Özbegistanyň çaklamagyna görä, bu taslamanyň işiniň garaşylýan bahasy 4,6 milliard ABŞ dollaryna barabar bolar. Özbegistanyň resmileri 2021-nji ýylyň maý aýynda Bütindünýä bankynyň, Ýewropanyň maýa goýum bankynyň, Aziýanyň infrastruktura bankynyň we ABŞ-nyň Halkara ösüş boýunça maliýeleşdirmek korporasiýasynyň (DFC) bu taslama maýa goýmak isleýändiklerini aýtdylar.