2017-nji ýylda Özbegistanda 550 sany pagta ýygýan maşyn öndürildi, olaryň 500 sanysy Türkmenistana eksport edildi.Bu barada 4-nji oktýabrda, Özbegistanyň parlamentiniň 12-nji mejlisinde wise-premýer, “Uzagrotehsanoatholding” kompaniýasnyň prawleniýesiniň başlygy Hodir Otojanow habar berdi diýip, “Фергана” habar gullugy “Газета.Uz” saýtyna salgylanyp habar berýär.
Otojanow 2018-nji ýylda Özbegistanda eýýäm 3000 sany pagta ýygýan maşynyň öndüriljekdigini we olaryň 600 sanysynyň daşary ýurtlara satyljakdygyny habar berdi.
Ýatladýarys, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji oktýabrda, welaýat häkimleri bilen geçirilen wideoşekilli maslahatda gowaça meýdanlaryna çykarylan kombaýnlaryň sanynyň azdygyny aýdyp, pagta ýygymyň depgininden nägile bolupdy.
Şol bir wagtda tutuş ýurt boýunça býujet edaralarynyň işgärleri el bilen bagta ýygmak üçin zor bilen iberilýär.