Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dowam edýär

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy.Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy.

Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi.Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar.

Dabaradaky çykyşlarda milli medeniýetleriň we sungatlaryň, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklaryň ösmegine itergi berýän ynsanperwer hyzmatdaşlyk syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi üçin iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlaryna tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.Bellenilişi ýaly, şu günki döredijilik çäresi, bilelikde geçirilen medeni çäreleriň ählisinde bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky dialogyň täze ugurlaryny açyp, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda möhüm ädimdir.

Soňra özbek sungat ussatlarynyň konserti boldy.Goňşy ýurduň sungat wekilleriniň özboluşly aýdym-saz we tans-etnografik çykyşlary tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.Konsert ýerine ýetirijilik başarnyklaryny we gadymy milli saz gurallarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezen sazandalar toparynyň çykyşlary bilen dowam etdi. Özbek sungat işgärleriniň çykyşlary şowhun bilen garşylanyldy.

Döwrebap tehnologiýalaryň peýdalanylmagy bolsa sahna özboluşly öwüşgin çaýdy.Döredijilik çäresiniň çäklerinde 19-njy noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy guralar. Şeýle hem paýtagtymyzdaky Daşkent seýilgähinde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti, özbek lybaslarynyň görkezilişi, milli tagamlaryň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar. Çeşme: TDH /* custom css */ .td_uid_15_673c800579dcf_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_673c800579dcf_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Medeniýet günleriniň fonunda özbek azlyklary özleriniň hak-hukuklaryny talap edýärler
Goňşy Özbegistanda bolan partlama Lebap we Mary welaýatlarynda dowul döretdi
Medisina syýahatçylygynyň meşhurlygy artýar. Türkmen raýatlary näme üçin Özbegistany saýlaýarlar?
Özbegistanyň ÝOJ-larynda türkmen dili hünärleri boýunça 60 kwota bölünip berildi
Özbek parlament saýlawlaryna 146 türkmen dalaşgäri gatnaşýar. Türkmenistanlylar goňşy ýurduň saýlaw kampaniýasyna syn edýärler
Türkmenler Gürjüstandaky protestler, özbek häkimiýetleriniň 'maşgala dawalary' barada pikir alyşýar