Özbegistan Owganystana lukmançylyk kömegini berdi

Özbegistan bilen Owganystan serhedinde ýerleşýän Surhanderýa welaýat häkimliginden berilen beýanatda, prezident Şewket Mirziýoýewiň görkezmesi bilen Owganystana düzüminde azyk, lukmançylyk dermanlary we özbek lukmanlaryndan ybarat lukmançylyk topary bolan "saglyk otlusynyň" ugradylandygy habar berildi.

Owganystana ugradylan 8 wagondan ybarat "saglyk otlusynda" saglygy goraýyş diagnozy, anyklaýyş we bejergi üçin zerur bolan lukmançylyk enjamlarynyň we abzallaryň bardygy habar berilen beýanatda, saglygy goraýyş otlusyndaky özbek lukmanlaryň 25-30-njy dekabr aralygynda Owganystanyň Balh welaýatynda ýaşaýan halka mugt hyzmat berjekdigi aýan edildi.

Ynsanperwer kömek materiallarynyň we saglygy goraýyş otlusynyň, Owganystanyň resmileriniň talabyna laýyklykda Owganyatana ugradylandygy bellenen beýanatda, materiallaryň Surhanderýa welaýatynyň häkimi Ulugbek Kasymow tarapyndan owgan resmilerine gowşurylandygy mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan Owganystana ynsanperwer kömek ugratdy
Surhanderýada iki müň ýyl ýaşy bolan şäheriň galyndylary tapyldy
Türkmenistandan Özbegistana gelýän oltluda partlaýjy madda tapyldy
Özbek gümrükçileri Türkmenistandan gelen otluda partladyjylary tapdylar
Özbek telekeçileri Türkmenistandan ne puluny, ne-de $1 millionlyk sementini alyp bilýär
Türkiýe 2020-nji ýylda Özbegistanda iň köp kärhana açan ýurt boldy