
Özbegistanyň Innowasion ösüş ministrligi halkara derejesindäki milli sosial toruny döretmek üçin bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige gatnaşyjylara taslamany döretmek üçin bir ýyl wagt berler.
Pudagyň metbugat gullugy bäsleşige gatnaşmak üçin arzalaryň 1-nji oktýabra çenli kabul ediljekdigini habar berdi. Özbegistan hususy sosial toruny ýa-da messenjerini döretmäge öňem synanyşyk edipdi. 38 sany milli sosial toruň bardygy habar berlenem bolsa, olar köpçülikleýin ulanylýan tora öwrülmediler. Şol bir wagtda ýurtda Facebook, ВКонтакте, Odnoklassniki, Telegram messenjeri meşhurlykdan peýdalanýarlar.