Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň tarapdary

Özbegistan hem-de Oman Aşgabat ylalaşygy boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň tarapdary

Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow Oman Soltanlygynyň ulag ministriniň birinji orunbasary Hamis bin Muhammad al-Şamahiý bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäginde Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgeleri boýunça hem pikir alşyldy. Bu barada Uzdaily habar berýär.

Çeşmäniň bellemegine görä, taraplar Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesini ösdürmek bilen bagly meseleler barada pikir alyşdylar. Hususan-da, Aşgabat ylalaşygyna gatnaşyjylaryň hemmesi bilen bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşyldy.

Ýeri gelende bellesek, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman ulag geçelgesini döretmek hakdaky Ylalaşyk 2016-njy ýylyň 23-nji aprelinde öz güýjüne girip, ol Merkezi Aziýa bilen Pars aýlagynyň arasynda harytlaryň daşalmagyny aňsatlaşdyrýan halkara ulag-üstaşyr geçelgesidir.

Ýene degişli makalalar

Şawkat Mirziýoýew Omanyň ministri bilen Türkmenistanyň üstünden geçýän ulag geçelgesi boýunça pikir alyşdy
Türkmenistan Eýranyň demir ýoly arkaly daşary ýurtlara kükürt eksport eder
Merkezi Aziýa ýurtlarynda başdan geçirlen soňky wakalar
Türkmenistanyň Prezidentine daşary ýurtly kärdeşlerinden gutlag hatlary gelip gowuşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Maskat şäherinde geçirilen halkara sergä we maslahata gatnaşdy
Tokaýew Ýewraziýa Ykdysady Bileleşiginiň agza döwletlerini Aşgabat Ylalaşygyna goşulmaga çagyrdy