Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy

Özbegistan Farap-Alat barlag nokadyny wagtlaýyn ýapdy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň özara döwlet serhedindäki barlag-geçiş nokatlaryň biri ýapyldy. Özbegistanyň resmileri Farap-Alat barlag nokadyny öz tarapyndan ýapandygyny aýdýarlar. Türkmen resmilerinden serhetiň ýapylmagyna we onuň sebäplerine resmi düşündiriş bolmady.

Özbegistanyň serhet gullugynyň habaryna görä, gözegçilik nokady 20-nji noýabrda işini togtadypdyr. Resmi beýanatda dem alyş keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak çäreleriniň çäginde serhediň wagtlaýyn ýapylandygy aýdylýar.

Bu barlag nokadynyň haçan işe başlajakdygy entek belli däl.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Daşoguz sebiti bilen Özbegistanyň Horezm sebitiniň arasyndaky serhet nokady işini dowam etdirýär. Özbegistanyň Horezm sebitindäki serhet gullugynyň işgäri bu barada Azatlyk Radiosyna şeýle diýdi: “Diňe Lebap bilen Buharanyň arasyndaky serhet geçelgesi ýapyk. Daşoguz-Horezm barlag nokady açyklygyna galýar ".

Türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat geçelgesiniň ýapylandygyny 5 dekabrda habar beren "Türkmenistanyň Hronikasy" (TH) neşiri serhet geçiş nokadynyň ýapylmagynyň ýiti dem alyş ýokançlygynyň ýaýramagynyň sebäp bolandygyny ýazypdy.

Maglumatda, Özbegistan sebitde çalt ýaýran wirus ýokançlygynyň epidemiýasy sebäpli Türkmenistanyň Lebap welaýaty bilen serhetdäki Alat-Awtodorožny (Farap-Alat) barlag nokadyny ýapdy diýlip habar berildi.

Türkmenistanyň raýatlary serhet geçelgesinden diňe Özbegistandan öz watanyna gaýdyp bilerler, Özbegistanyň serhet goragçylary olary wizasy bar bolsa-da, yzyna gaýtmaga rugsat bermeýärler diýip TH ýazýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky çeşmeleri hem Özbegistan bilen serhet geçelgesiniň ýapylandygyny tassyklap, munuň iki ýurduň arasynda gatnaw edýän ýerli ýaşaýjylar üçin kynçylyk döredendigini aýtdy.

"Özbek serhetçileri wizasy bar raýatlara barlag nokadynyň 40 günlik ýapylandygyny aýdýarlar" diýip habarçy belleýär.

Şeýle-de, habarçynyň sözlerine görä, soňky günlerde lebaply ýaşaýjylar Özbegistandan gaýdyp gelenlerinde Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministrliginiň işgärleri tarapyndan berk sorag edilýär.

"Özbegistandan gelen ýerli raýatlary welaýat polisiýasyna çagyryp, olardan syýahat edilen günlerinde kimler bilen, nirelere barandygy soralýar. Içgin sorag berlip, olaryň jenaýatçy toparlar bilen baglanyşyk edip-etmeýändigi öwrenilýär. MHM işgärleri soňky 1 ýylda Özbegistan 15 sapardan köp baran adamlary has jikme-jik sorag edýär" diýip, habarçy aýdýar.

"Türkmenistanyň Hronakasy" neşiri barlag-geçiş nokadynyň ýapylmagynyň duýdansyz däldigi belleýär. Neşiriň maglumatyna görä, üç hepde mundan ozal Türkmenabatdaky pasport ofisiniň işgäri Türkmenistandan Özbegistana göçýän etniki özbeklere Özbegistana gitmek islese, howlukmalydygyny duýduryp, serhetiň ýakyn wagtda ýapyljagyny aýdypdyr, emma sebäbini agzamandyr.

Farap-Alat serhet nokadynyň ýapylmagy we onuň sebäpleri barada Türkmenistanyň resmilerinden düşündiriş alyp bolmady.

Türkmen-özbek serhedindäki Farap-Alat barlag geçiş nokadynyň ýapylmagy tutuş regionda şol sanda Özbegistanda dem alyş keseliniň ýaýramagyna gabat geldi.

Türkmenistanda, esasanam mekdeplerde we çagalar baglarynda hem kesellänleriň sany artar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň uzynlygy 1621 kilometre barabar serhedinde üç sany barlag-geçiş nokady bar. "Farap-Alat" nokady Türkmenistanyň Lebap welaýatynda, ýene ikisi Daşoguzda, ýagny "Şawat" geçelgesi Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda we "Hojeýli" Köneürgenç etrabynda ýerleşýär.

Serhetdäki barlag-geçiş nokatlar wagtal-wagtal ýapylýar we serhetiň iki tarapynda ýaşaýan ilata, şol sanda söwda edip gün görýän adamlara täsir ýetirýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
Türkmenistandan “beýik göçüşlik”. Adamlar garyplykdan we gadaganlykdan gaçýarlar. Özbegistan barlag nokadyny ýapdy
Türkmen-özbek gatnaşyklarynda ilkinji nobatda özara gelim-gidim ýeňilleşdirilmeli synçy, telekeçi
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär
Häkimiýetler çekirtge çozuşlaryna garşy taýýarlyk görýär