Özbegistan dört milýard kilowatt sagat elektrik energiýany Türkmenistandan satyn alar. Bu barada 24-nji oktiýabrda “UzDaily” Özbegistanyň prezidentiniň metbugat wekili Şerzod Asadowa salgylanyp habar berdi.
Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana resmi saparynda taraplar ylalaşdylar diýip Asadow belleýär.
Elektrik energiýanyň haysy möhlete beriljekdigi we bahasy anyklaşdyrylmaýar.
Mirziýoýew 20-21-nji oktiýabrda Türkmenistana resmi sapar etdi.
Ýatlatsak,Özbegistan 2019-njy ýylyň 1-nji dekabryndan Türkmenistandan elektrik energiýa satyn almaga başlapdy. 2020-nji ýylyň güýzünde Özbegistanyň ýenede ony almagyny dowam etdirjekdigi habar berilipdi.
Şeýlede Türkmenistan Özbegistanyň üzerinden Gyrgyzystana hem elektrik energiýa eksport edýär.
2022-nji ýylyň ilkinji 6 aýynda Gyrgyzystan bahasy 45,6 milýon amerikan dollarlyk 1,7 milýardkilowatt sagat elektrik energiýa import etdi.
Şol bir wagtda, şu ýylyň maýynda ýurdyň energiýa we senagat ministriniň orunbasarynyň aýtmagyna görä, bütin 2022-nji ýylda Türkmenistandan 1,5 milýard kilowatt sagat elektrik energiýa satyn almagy meýilleşdirilýär.The post Özbegistan dört milýard kilowatt sagat elektrik energiýany Türkmenistandan satyn alar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.