Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär

Özbegistan BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygy berkidýär

Özbegistanyň Oliý Mažlisiniň (Senatynyň) Başlygy Tanzila Narbaýewa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Uzdaily.uz neşiri habar berýär.

Duşuşykda Özbegistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa boýunça sebit merkezi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bilelikde durmuşa geçirilýän maksatnamalara garaldy.

Merkez bilen hyzmatdaşlygyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, terrorçylyga garşy göreş, zenanlary hem-de ýaşlary parahatçylygy berkitmek işine çekmek, gapma-garşylyklaryň öňüni almak we kadalaşdyrmak, şeýle hem serhetýaka suw we energiýa gorlaryny bilelikde oýlanyşykly peýdalanmak meselelerini öz içine alýandygy bellendi.

Ýeri gelende, Özbegistanyň BMG-niň çäklerinde parahatçylyga we durnukly ösüşe, şeýle hem adam hukuklarynyň goraglylygyna ýardam edýän hem-de dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giň goldaw tapýan başlangyçlary öňe sürýändigini bellemek gerek.

Duşuşykda sebit derejesinde dialog hem-de hyzmatdaşlyk üçin dürli meýdançalaryň, şol sanda döredileninden bäri geçen 3 ýylda gender deňligini üpjün etmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň möhüm teklipleri işläp düzmekde döwrebap meýdança bolandygy, onuň işine Merkeziň işjeň gatnaşýandygy nygtaldy.

Zenanlaryň Dialogynyň täsirliligini güýçlendirmek maksady bilen, onuň Daşkent şäherinde hemişelik Sekretariatyny açmak mümkinçiligine seretmek gerek.

Şeýle hem ýurduň ilatynyň ýarysyny tutýan ýaşlaryň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek bilen bagly meselelere garaldy. Şunuň çäklerinde Özbegistanyň Senatynyň ýanyndaky Ýaşlar parlamentiniň agzalarynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça häzirki zaman usullary we gurallary ulgamynda sowatlylygyny artdyrmakda Merkez bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça pikir alşyldy.

Kaha Imnadze Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara gatnaşyklaryň ähli ugurlarda parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini hem-de Özbegistanyň bu işe uly goşandyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar sebit derejeli möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça ýygjam we konstruktiw hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada ylalaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň Ministrler Kabineti Oliý Mažlisiň täze düzüminiň öňünde ygtyýarlylyklary ýatyrdy
Türki döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Merkezi Aziýa döwletleriniň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türkmenistan Merkezi Aziýa + Ýaponiýa görnüşindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Merkezi Aziýa + Ýaponiýa Dialogynyň ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi