Özbegistan bilen Belarusyň arasyndaky özara gatnaşyklar

Özbegistan bilen Belarusyň arasyndaky özara gatnaşyklar

2024-nji ýylyň fewral aýynyň 7-9-y aralygynda Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Özbegistanda saparda boldy. 8-nji fewralda Daşkent şäherinde iki ýurduň lideri özara duşuşyk geçirdi we toparara gepleşiklere ýolbaşçylyk etdi. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Belarusyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasyna doly agzalygy meselesi hakynda hem pikir alyşdy.

Resmi saparyň çäginde geçirlen gepleşiklerde Prezidentler iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi maksady bilen bilelikdäki jarnama gol çekişdi.Daşkent şäherinde Özbegistan bilen Belarusyň arasynda jemi 14 şertnama baglaşyldy. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň 2019-njy ýylda Belarusa guran resmi saparynyň çäginde iki ýurduň arasynda 13 şertnama baglaşylypdy.

Mirziýoýew bilen Lukaşenko Daşkent şäherindäki TEXNOPARK-a baryp gördi. Şawkat Mirziýoýew bilen Aleksandr Lukaşenkonyň birlikde ližada typmagy we Humo Arenada hokkeý bäsleşigine syn etmegi, liderleriň arasynda ynamyň ýola goýlandygyny görkezýär we bu ýagdaý özara gatnaşyklaryň pugtalanmagyna itergi berer.

Aleksandr Lukaşenkonyň resmi saparynyň çäginde Özbegistanda Özbegistan-Belarus hökümetara komissiýanyň maslahaty, Özbegistan-Belarus sebitara Forumy, Özbegistan-Belarus rektorlar forumy we Özbegistan-Belarus Saglygy goraýyş işgärleriniň forumy geçirildi. Özbegistan-Belarus sebitara forumyň çäginde iki ýurduň arasynda 1 milliard dollarlyk şertnama baglaşylandygy bellenildi.

Iki ýurduň arasyndaky bilelikdäki söwda mukdary 620 million dollara barabar boldy. 2017-nji ýylda Özbegistan bilen Belarusyň arasyndaky söwda mukdary 130 million dollara barabardy. Liderler şol mukdary 2026-njy ýyla çenli 1 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýär.

Özbegistan bilen Belarusyň arasynda soňky ýyllarda açylan birlikdäki firmalaryň sany 4 esse artdy. Taraplar bu ugurdaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak bilen üçünji ýurtlara harytlaryny eksport etmegi maksat edinýär. İki ýurt oba hojalyk, agyr senagat, dokma we gurluşyk pudagy boýunça ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.

Özbegistan bilen Belarus ozalky sowet soýuzy döwründe ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärdi emma Özbegistanyň Minskdäki ilçihanasynyň 2018-nji ýylyň mart aýynda açylandygy, Özbegistanyň Prezidenti Yslam Kerimowyň we Şawkat Mirziýoýewiň Belarusa 1 gezek sapar gurandygy, Belarusyň Prezidentiniň soňky 30 ýylda diňe 3 gezek Özbegistana resmi sapar gurandygy göz öňünde tutan halatynda, Özbegistan-Belarus gatnaşyklarynyň garaşsyzlyk ýyllarynda ýokary bolmandygyny görmek bolýar.

Şawkat Mirziýoýewiň prezidentlige saýlanmagyndan soň iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşyklaryň depgini güýçlendi. 2023-nji ýylda Özbegistanyň we Belarusyň Mejlis başlyklary bilen Premýer-ministrleri özara duşuşyk geçirdi.

Belarusyň Daşkentde Switanak atly medeniýet merkezi bar. Özbegistanda 18 müňden gowrak belarusly ýaşaýar. Özbek talyplar, hytaýlylardan soň Belarusda ýokary bilim alýan iň esasy toparlardan biri.

Jemläp aýdanymyzda Özbegistan-Belarus gatnaşyklary soňky ýyllarda ähli taraplaýyn ösmäge başlady. Belarus, Özbegistan arkaly Günorta Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyk etmek isleýär. Ýewropa ýurtlary bilen edýän gatnaşyklary dartgynlaşandygy sebäpli Belarus, Günort gündogar ýurtlaryna gönükmeli boldy. Belarusyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň Özbegistana guran sapary bu nukdaý nazardan diýseň möhüm.

Ýene degişli makalalar

Türkmen keşdeçilik sungaty-milli mirasymyz atly bäsleşigiň Köneürgenç etrap tapgyry geçirildi
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň Moskwada geçirilen mejlisine gatnaşdy
Ýewraziýa Ykdysady Bileleşigi Tölegleri Milli Pul Birliginde Geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Aleksandr Lukaşenko resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy