Özbegistan barada maglumatlar

Özbegistan Merkezi Aziýanyň merkezi we demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşýän döwletdir.Ol gündogarda Gyrgyzystan we Täjigistan, günortada Owganystan, günorta-günbatarda Türkmenistan we demirgazykda Gazagystan bilen serhetleşýär. Ýurduň umumy tutýan meýdany 447,9 müň inedördül kilometre barabar bolup, onuň 425,4 müň inedördül kilometrini guryýer, 22 müň inedördül kilometrini bolsa suw tutýar. Ýurduň agramly bölegini düzlükler (bäşden dört bölegini) tutup, olaryň iň ulusy Turan düzlügidir. Ýurduň gündogar we demirgazyk-gündogaryny Týan-Şan we Pamir daglarynyň şahasy tutýar. Şol ýerde-de ýurduň iň beýik dag gerşi (4643 metr) ýerleşýär. Ýurduň merkezinde bolsa Gyzylgum çöli ýaýlyp ýatyr.

Özbegistan gazylyp alynýan tebigy baýlyklara-da baý. Ýurtda tebigy gazyň, daş kömrüniň, altynyň, wolframyň, nebitiň we beýleki magdanlaryň gory bar. Ýurduň çäginden Amyderýa we Syrderýa akyp geçýär. Şeýle hem Özbegistanda birnäçe emeli köller bar. Olaryň biri Çardarin suw howdanydyr.

Özbegistan Prezident Respublikasydyr. Döwlet Baştutany Prezident bolup, ählihalk saýlawlary esasynda saýlanýar. Ilatyň 80 göterimini özbekler tutýar. Şeýle hem ýurtda 100-den gowrak milletiň wekilleri ýaşaýar.

Döwlet dili özbek dili. Ýurduň ilatynyň 74 göterimi özbekçe gepleýär. Şäherlerde rus dili ýaýrandyr, şäher ilatynyň 14 göterimi rus dilinde gepleýär. Konstitusiýa laýyklykda, Özbegistan dünýewi döwlet hasaplanýar.

Ilatyň 42 göterimi şäherlerde ýaşaýar. Iň iri şäheri – Daşkent. Ýurduň paýtagtynda 2,3 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Daşkentde Respublikanyň senagat kärhanalarynyň agramly bölegi ýerleşýär. Şonuň üçinem şäher ýurduň ykdysady, bilim we medeniýet merkezi hasaplanýar.

Samarkant ýurtda ululygy boýunça ikinji şäher bolup, taryhy ýadygärlikleri bilen meşhurdyr.Fergana jülgesinde hem birnäçe uly şäherleri bar: Namangan, Andijan, Fergana, Kokand. Ýurduň iri şäherleriniň arasynda Buharany hem agzaman geçmek bolmaz.

Bu gadymy şäher uzak ýyllaryň dowamynda özbek halkynyň iri syýasy we medeniýet şäheri bolýar.Hywa hem gadymy şäherleriniň biri bolup, XVI-XVIII asyrlarda gülläp ösýär.Nöküs şäheri Garagalpagystan Respublikasynyň paýtagtydyr.

Özbegistan senagat-agrar ýurt hasaplanýar. Ýurduň halk hojalygynyň esasy pudaklary dag magdany, ýeňil we azyk senagaty hem-de maşyngurluşyk. Ýurduň daşary söwdasyndaky we eksportundaky oňyn ösüş depginleri milli ykdysadyýetiň ösüşine saldamly goşant goşdy.

Ýene degişli makalalar

“Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Bütindünýä miraslaryna syýahat” atly webinar-maslahat
Özbegistanyň we Gazagystanyň howa maglumatlary merkezleri Türkmenistan bilen serhetdäki welaýatlarda jokrama yssy boljakdygyny duýdurýarlar
Orta Aziýa ýurtlarynda köpçülikleýin elektrik tok kesilmeler başdan geçirilýär
Türkmen diliniň gadymylygy we ösüş taryhy
Şu gün Şawkat Mirziýoýewiň Aşgabada sapary başlanýar
Özbegistanda dünýäde iň iri ýel elektrik stansiýasy peýda bolar