Özbegistanyň Statistika agentligi 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda daşary ýurtlara miwedir gök-bakja önümleriniň umumy bahasy 831 million dollara deň bolan 1,3 million tonnasyny eksport edendigini habar berdi diýip, Kun.uz saýty ýazýar. Bu 2022-nji ýylyň degişli döwründäkiden 10 göterim, ýagny 99,5 müň tonna köpdür.
Miwe we gök-bakja önümleriniň esasy bazarlary Russiýa (41,9 göterim), Pakistan (15,1 göterim), Gazagystan (12,2 göterim) we Hytaý (8,4 göterim) boldy.