Özbegistan 4 milliard kilowat sagat türkmen elektrik energiýasyny import eder

Özbegistan 4 milliard kilowat sagat türkmen elektrik energiýasyny import eder

Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny satyn alar. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat sekretary Şerzod Asadowyň aýdanlaryna salgylanyp, “UzDaily” habarlar gullugy duşenbe güni habar berdi.

Şerzod Asadowyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana amala aşyran saparynyň dowamynda ýurtlar energiýa pudagynda hyzmatdaşlyk etmegi ylalaşdylar.

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew 20-21-nji oktýabr aralygynda Türkmenistanda resmi saparda boldy. Aşgabatda geçirilen ýokary derejeli gepleşikleriň netijesi boýunça Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekdiler. Şeýle hem iki ýurduň hökümetleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň arasynda köptaraply türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksatly birnäçe resminamalara gol çekildi.

Türkmenistan Özbegistanyň üsti bilen 2023-nji ýylda 2 milliard kilowat sagat elektrik energiýasyny Gyrgyzystana hem eksport eder.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjan, Garabagyň Gaýtadan Dikeldilmegi Üçin 12,9 Milliard Dollar Sarp Etdi
Aripow Özbegistanyň Hökümet başlyklygyna gaýtadan saýlandy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkmen wekiliýeti Astanada GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar
Özbegistan dört milýard kilowatt sagat elektrik energiýany Türkmenistandan satyn alar
Özbegistan Türkmenistandan elektrik energiýasyny satyn alar