Özbegistan 1,1 müň tonnadan gowrak ýer hozuny türkmen bazaryna eksport etdi

Özbegistan 1,1 müň tonnadan gowrak ýer hozuny türkmen bazaryna eksport etdi

Türkmenistan 2024-nji ýylyň ýanwar — noýabr aýlarynda Özbegistandan ýer hozuny (arahis) import etmekde öňdebaryjy döwletleriň biri boldy.

Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň bermegine görä, hasabat döwründe Özbegistanyň eksport eden ýer hozunyň importynyň 10,2 göterimi türkmen bazarynyň paýyna düşýär.

Şeýlelikde, ýylyň başyndan bäri, Türkmenistan goňşy ýurtdan iň köp ýer hozuny satyn alan dördünji döwlet boldy. Şu ýylyň 11 aýynda türkmen bazary üçin Özbegistandan import edilen ýer hozunyň umumy möçberi 1184 tonna deň bolupdyr.

Sanawyň ilkinji üçlüginden Pakistan (2,8 müň tonna), Azerbaýjan (1,4 müň tonna), hem-de Russiýa (1,3 müň tonna) orun alypdyr.

Ýeri gelende bellesek, ýanwar — noýabr aýlarynda Özbegistanyň ýer hozunyň eksportynyň umumy möçberi 11 müň 496 tonna barabar bolupdyr. Ýer hozunyň eksportynyň umumy bahasy bolsa 18,2 million amerikan dollaryna deňdir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan özbek pissesiniň esasy importýorlarynyň biri boldy
Türkmenistan özbek ýer hozuny esasy import edijileriň biri boldy
Özbegistanda 900-den gowrak türkmenistanly ýokary bilim alýar
Türkmenistan we Özbegistan serhetden geçiş mümkinçiligini giňeltmekçi
Türkmen zenanlary Özbegistana zähmet migrasiýasyna gidýärler
Ýanwar-noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň söwda dolanyşygy $1,075 milliarddan geçdi