Öz rekordyny täzeledi

Tennis boýunça möwsümiň ilkinji “Uly tuwulga” ýaryşy “Awstraliýa Açykda” erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç, zenanlardan amerikaly Sofiýa Kenin ýeňiş gazandy. Umumy pul gaznasy 49 million dollara deň bolan ýaryşda çempionlaryň her haýsy 2,75 million dollarlyk pul sylagyna-da mynasyp boldy.

Ýarym finalda Rojer Federerden, üstün çykan Nowak Jokowiç finalda awstriýaly Dominik Tim bilen duşuşdy.Oýnuň 1-nji setinde Jokowiç 6:4 ýeňiş gazandy. Ýöne 2-3-nji setlerde 6:4 we 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazanan Tim 2:1 öňe saýlandy. 4-nji setde Jokowiç 6:3 ýeňiş gazanyp, hasaby deňledi.

Duşuşygyň jemleýji setinde bolsa, has erjellik görkezen Jokowiç 6:4 hasap bilen garşydaşyndan üstün çykyp, “Awstraliýa Açyk” tennis ýaryşyndaky 8-nji çempionlygyny baýram etdi. 32 ýaşly tennisçi mundan ozal, “Awstraliýa Açykda” 2008-nji, 2011-nji, 2012-nji, 2013-nji, 2015-nji, 2016-njy, 2019-njy ýyllarda kubogy eýeläpdi. Şeýlelikde, Jokowiç “Awstraliýa Açykda” öz rekordyny täzeledi.

Bu onuň 17-nji “Uly tuwulga” kubogy bolup, ol ATP-niň ýaryşlarynda 78-nji gezek çempion diýen ada mynasyp boldy.Bäsleşikden soň, ATP-niň sanawynda 1-nji orna beýgelen Jokowiç bir “Uly tuwulga” ýaryşynda 8 gezek ýeňiş gazanan 3-nji tennisçi boldy.

Ispaniýaly Rafael Nadal “Rolan Garrosda” 12, şweýsariýaly Rojer Federer “Wimbledonda” 8 gezek çempionlyk gazanypdy.

Ýene degişli makalalar

Jokowiç “Uly tuwulgalaryň” hökümdary
ATP-niň lideri ilkinji gezek italiýaly tennisçi bolar
Jokowiç Rolan Garrosda çempion bolup, ATP reýtinginiň liderine öwrüldi
Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew 13-nji iýunda dünýäniň birinji raketkasy bolar