Dünýäniň öňdäki marafon ýaryşlarynyň biri bolan Berlin marafonynda rekord täzelendi. 48-nji gezek geçirilen Berlin marafonynda erkekleriň arasynda keniýaly Eliud Kipçoge dünýä rekordyny täzelemegi başardy. 37 ýaşyndaky türgen 2 sagat 01 minut 09 sekuntda pellehana gelip, 2018-nji ýylda goýan öz rekordyny 30 sekunt ösdürdi (02:01:39). Ýaryşda 2-nji ýeri başga bir keniýaly ýeňil atletikaçy Mark Korir eýeledi (02:05:58).
Münberiň 3-nji basgançagyna-da 2 sagat 06 minut 28 sekuntda ýaryşy tamamlan efiopiýaly Tadu Abate çykdy.
Dünýädäki 6 uly marafonyň biri bolan Berlin marafonynda zenanlaryň arasynda efiopiýaly Tigist Assefa ýeňiş gazandy. Onuň görkezen netijesi 2 sagat 15 minut 37 sekunda deň boldy. Keniýaly Rozemari Wanjirunyň 2-nji bolan ýaryşyny efiopiýaly Tigist Abaýeçew 3-nji orunda tamamlady.
Berlin marafonyna bu ýyl 45 müň töweregi ylgawçy gatnaşdy.