“Pi-Pop” energiýa saklamak üçin super kondensatorlary ulanýar. Litiý batareýalaryndan tapawutlylykda, olar daşky gurşawa zyýansyz öndürilip bilner. Üçünji nesil elektrowelosipediniň bahasy 2500 ýewro golaýlaýar.
Ýewropalylar indi elektrowelosiped bilen işe gatnap ugradylar. Gymmat bahaly ulagyň bahasy iş beriji tarapyndan tölenýän halatlary az däl; şäher we sebit häkimiýetleri olary kärendesine ýa-da satyn almak üçin subsidiýa berýär.
Maliýe nukdaýnazaryndan başga-da, olara zarýad bermeli we batareýalary öndürmek üçin litiý ýaly köp mukdardaky tebigy baýlyklary talap edýär. Şol bir wagtyň özünde seýrek elementleriniň gazylyp alynmagy daşky gurşawa howp salýar.