Öýüňizden çykman, dünýäni maşynly aýlanyň!

Internet ulgamy adamlara diňe täze maglumatlary öwrenmäge şert döretmän, eýsem dünýäniň iri şäherlerine, belli muzeýlerine we taryhy ýadygärliklerine hem gaýybana syýahat etmäge mümkinçilik berýär. “Drive & Listen” (https://driveandlisten.herokuapp.com/) saýty bolsa, dünýäniň meşhur şäherleriniň köçelerinde maşynly gaýybana gezelenji ýola goýupdyr.

Siz Stambul, London, Moskwa, Maýami ýaly dünýäniň 40-dan gowrak şäherini edil maşynyň içinde barýan ýaly syýahat edip bilýärsiňiz.Saýtda ulagyň öň tarapyna oturdylan kameradan alýan ýazgy bar. Şeýle hem şäheriň ýerli radiosyny hem diňläp bilersiňiz.

Saýtda Antalýa, Barselona, ​​Buenos Aýres, Çikago, Berlin, Madrid, Mumbai we Maýami ýaly şäherlerindäki islendik köçede syýahat edip bilýärsiňiz.Mundan başga-da, köçelerden geçýän adamlaryň seslerini we hereketlerini janly ýaly diňläp bilersiňiz.

The post Öýüňizden çykman, dünýäni maşynly aýlanyň! appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Messi ýok, ýeňşem ýok
Dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri
Kim, haçan oýlap tapdy?
Lionel Messiniň 45-nji kubogy
Messi möwsüm tamamlanansoň PSŽ-ni terk eder
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 1-nji maý)