Yssy howada iň halanýan tagamlaryň biri hem doňdurma hasaplanýar. Doňdurma iýmegi halamaýan çaga barmyka?! Eýsem, siz öýde doňdurma taýýarlap bolýandygyny bilýäňizmi? Geliň, bu süýji tagamy taýýarlamagy öwreneliň!
Gerekli zatlar:
1 käse süýt
1 çaý çemçesi miwe püresi ýa-da islege görä toşap
1 çaý çemçesi şeker
1 çaý çemçesi wanilýa, buz bölejikleri
2 sany sowadyjy torbasy (biri uly biri kiçi)
Nähili taýýarlamaly?
Uly torbany ýarysyna çenli buz bölejikleri bilen dolduryň!
Kiçi torba süýt, miwe püresini, toşap we şekeri goşup, mazaly garyň!
Kiçi torbanyň agzyny mäkäm ýapyp, buzly torbanyň içine salyp, agzyny ýapyň! Uly torbanyň içinde biraz boş ýer goýmagy unutmaň!
Bir-biriniň içine salnan torbany 10 minutlap çaýkaň! Şeýle usul arkaly bir wagtda birden köp (öýdäki adam sanyna görä) torbany hem taýýarlap bilersiňiz.
Okuw kitaplaryndan mälim bolşy ýaly, suw deňiz derejesinde 1 atmosfera basyşda nol derejede doňýar. Suwuň içine goşulýan beýleki maddalar suwuň doňmak derejesini peseldýär. Torbany çaýkanyňyzda, kiçi torbadaky süýtli garyndynyň ýylylygy uly torbadaky buza geçýär. Netijede, garyndynyň ýylylygy peselip, doňýar. Şeýlelikde, doňdurma hem taýýar bolýar. Buz bölekleri bolsa süýt garyndysyndaky ýylylygy özüne çekendigi üçin ereýär.
Bu doňdurma taýýarlananda suwuň (ýa-da başga bir suwuklygyň) suwuk we gaty halyny hem görýäris.
Işdäňiz açyk bolsun!