Ösüşleri nazarlaýan täze taslamalar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda durmuş-ykdysady, ulag-aragatnaşyk we beýleki degişli düzümleri mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmaga hem-de ösdürmäge gönükdirilip durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeler maksatnamalary bilen baglylykda işlenip taýýarlanylan gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy.

Ýurdumyzda bolup geçýän düýpli özgertmeleriň öň hatarynda barýan ak mermerli Aşgabat özüniň ajaýyp binagärlik gurluşy bilen haýran galdyrýar.Soňky ýyllarda paýtagtymyz onlarça nusgalyk binalara we desgalara, şol sanda iri ýaşaýyş toplumlaryna beslendi.

Milli Liderimiziň täzeçillik strategiýasyna baglylykda, sazlaşykly ösýän türkmen paýtagty şäherde ýaşamagyň döwrebap we ähli amatlyklary bolan köpugurly nusgasyny özünde jemleýär.Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda şular ýaly giň möçberli özgertmeleriň Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şäherlerinde we obalarynda giňden ýaýbaňlandyrylandygyny aýratyn bellemek gerek.

Bu meseleler baş maksady ýurdumyzyň gülläp ösdürilmeginden, halkyň durmuş derejesiniň we hiliniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyndan ybarat bolan döwlet syýasatynyň başyny başlan hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar.Döwlet Baştutanymyz tanyşdyryş çäresiniň geçirilýän ýerine geldi.

Bu ýerde geljekki desgalar hakynda doly maglumat berýän taslamalar we çyzgylar goýlupdyr.Wise-premýer D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzy ilki bilen “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygynyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. 5 gatly täze myhmanhanalar toplumynda otaglaryň 134-si, şol sanda aňrybaş amatly we VIP otaglary ýerleşdiriler.

Restoranlar, toý mekany, maslahatlar zaly, fitnes merkezi, suwda ýüzülýän howuz, gözellik salony, sowgatlyk dükany hem myhmanlaryň hyzmatynda bolar.Täze desga myhmanhananyň baş binasy bilen birleşdiriler.Şeýle hem milli Liderimiziň garamagyna köpugurly işewürlik merkezli, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrylan ajaýyp “Garagum” myhmanhanasynyň taslamasynyň dürli görnüşleri hödürlenildi.

Onuň gurluşygy üçin A.Nyýazow şaýoly bilen Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň demirgazyk-gündogar tarapynda ýer bölegi berler.Täze myhmanhanada ähli amatlyklary bolan otaglar myhmanlaryň ygtyýarynda bolar.Milli Liderimiz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olar babatynda birnäçe bellikleri we maslahatlary aýtdy.Hormatly Prezidentimiz “Nusaý” myhmanhanasynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň taslamasyny makullap, “Garagum” köpugurly işewürlik merkezli myhmanhanasynyň taslamasyny gutarnykly işlemegi tabşyryp, bu desgalaryň halkara ülňülerine doly laýyk gelmelidigini belledi.Soňra milli Liderimiziň garamagyna Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda gurulmagy meýilleşdirilýän ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de durmuş maksatly desgalary gurmagyň taslamasy hödürlenildi.

Bu ýerde dört gatly, jemi altmyş iki sany ýaşaýyş jaýy 52 öýli 22 jaýy hem-de 48 öýli 40 jaýy, 160 çaga niýetlenen çagalar bagyny, 320 orunlyk mekdebi, şeýle hem Söwda-dynç alyş merkezini, iki gatly dükanlaryň 10-syny we bazary gurmak meýilleşdirilýär.

Her jaýda giň bir, iki, üç we dört otagly öýler göz öňünde tutulýar.Milli Liderimiz durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna çynlakaý hem-de jogapkärli çemeleşmelidigini nygtap, şunuň ýaly taslamalar düzülende hem-de amala aşyrylanda adamlaryň durmuşy üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmeginiň ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny belledi.Soňra döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäheri üçin suw arassalaýjy desgalaryň ikisiniň gurluşygy boýunça hödürlenen teklipler bilen tanyşdy, desgalary Ahal welaýatynyň çäklerinde gurmak meýilleşdirilýär.

Olaryň kuwwatlylygy degişlilikde bir gije-gündizde 150 müň we 250 müň kub metre deň bolar.Hormatly Prezidentimize Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde bina edilmegi göz öňünde tutulýan ýaşaýyş toplumynyň Baş meýilnamasy, täze iri ýaşaýyş jaýlarynyň taslamalary we nusgalary görkezildi.

Gurluşyk üçin Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda ýerleşdirilen ýer bölegi bölünip berildi.Bu ýerde dört gatly iri panelli jaýlarynyň 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-si we 32 öýli ýaşaýyş jaýlarynyň 17-si, bäş otagly iki gatly kottejleriň 170-si, 600 okuwça niýetlenen orta mekdep, Söwda merkezleriniň 2-si hem-de hyzmatlar öýleriniň 2-si bina ediler. 40 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 22-siniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar.

Galan desgalaryň gurluşygyny iki tapgyrda amala aşyrmak meýilleşdirilýär.Meýilnamalaşdyrylan täze gurluşyklaryň hatarynda Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmaly awtomenziller hem bolup, olaryň taslamalaryny wise-premýer M.Çakyýew milli Liderimiziň garamagyna hödürledi.

Desgalaryň her biri 3 gektar meýdanda ýerleşýär hem-de 700 ýolagça hyzmat etmäge niýetlenendir.Awtomenziliň 2 gatly binasyndan başga, her toplumyň çäginde kömekçi we tehniki binalar, üsti ýapyk duralgalar ýerleşdiriler, desgalaryň binagärlik keşbi milli öwüşgine eýe bolar.Tanyşdyryş çäresiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow hormatly Prezidentimiziň garamagyna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda guruljak täze kottej toplumynyň Baş meýilnamasyny we ýerleşiş çyzgysyny hödürledi.

Toplum deňziň kenarynda ýerleşer.Onuň düzümine 1080 orunlyk 63 sany kottej, dynç alyş zolaklary, sport we çagalar oýun meýdançalary, howuzlar, awtoduralgalar, dolandyryş binalary girer.Bu ýerde 2 we 4 maşgala niýetlenen üç görnüşli kottejleri gurmak göz öňünde tutulýar.

Toplumy Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň kärhanalarynyň paýlarynyň esasynda gurmak meýilleşdirilýär.Mundan başga-da, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň çäginde deňiz tolkunlaryndan galyp barýan guwlaryň şekili görnüşindäki binany gurmak teklip edilýär.

Onuň taslamasy boýunça wise-premýer M.Çakyýew hasabat berdi.Bina “Jadyly kenar” seýilgäh-dynç alyş toplumynyň öňündäki aýlaw ýolunyň merkezinde gurlar.Desganyň düýbüniň diametri 36 metr, umumy beýikligi 23 metre deň bolar.Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň çyzgysyny hem-de tehniki häsiýetnamasyny, bu ýoluň ugrunda töleg terminallaryny, motelleri, naharhanalary, dükanlary, dermanhanalary, awtoulaglara ýangyç guýujy beketleri, şeýle hem awtoduralgalary, ulanyş we dolandyryş merkezlerini we beýleki degişli desgalary, hususan-da, inženerçilik desgalaryny ýerleşdirmegiň meýilnamasyny hödürledi.Tanyşdyryş çäresiniň barşynda hormatly Prezidentimiziň garamagyna Aşgabadyň şaýollaryndan we köçelerinden degişli inžener-tehniki ulgamy peýdalanmak hem-de paýtagtymyzyň lagym-aragatnaşyk ötüklerini herekete getirmek arkaly çabga ýagyşlarynyň uly möçberlerini sowmak boýunça göz öňünde tutulýan işleriň meýilnamasy hödürlenildi. Çabga ýagyş suwlaryny sowmagyň ulgamy taslanyp düzülende hem-de döredilende şunuň ýaly desgalara bildirilýän talaplar berk berjaý edilmelidir, ähli zatlar hasaba alynmalydyr diýip, milli Liderimiz bu taslamany gutarnykly işlemek boýunça degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz ýokarda aýdylanlary jemläp, paýtagtymyzyň hem-de ýurdumyzyň sebitleriniň okgunly ösýändigini, olarda täze ýaşaýyş toplumlarynyň, senagat we seýilgäh zolaklarynyň kemala gelýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz her bir desga ýerleşdirilende onuň bellenilen iş ugrunyň içgin işlenilip taýýarlanylmalydygyny hem-de bökdençsiz işlemegi babatynda talaplara doly laýyk gelmelidigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Berkarar Söwda-dynç alyş merkezinde Täze ýyl ýarmarkasy we ussatlyk sapaklary başlanýar
Soltan restoranlary mangalda etden taýýarlanýan tagamlaryň köp görnüşlerini hödürleýär
Balkanda welaýat derejesindäki “soňky jaňa” diňe türkmen milletinden bolan uçurymlar gatnaşdyrylýar
Soltan Loft Çagalary goramagyň halkara gününi bellemäge çagyrýar
Ilatly restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar
Dejavu restorany Çagalary goramagyň halkara gününe çagyrýar
Ilatly restoranynda tagamly aksiýa: pasta 50% arzanladyş