Ösümlikleri in witro usuly arkaly köpeltmek

Oba hojalygynyň häzirki zaman ösüşine baglylykda ösümlikleri in witro usuly arkaly köpeltmek usullary ilkinji gezek XX asyryň 50-nji ýyllarynyň ahyrynda fransuz alymy Jorjem Morelem tarapyndan orhideýa ösümliginde synag edilip önümçilige ornaşdyrdy. Şeýle hem alym synag usullarynyň kämilleşmegi bilen ösüş meristemalarynyň kömegi bilen birnäçe ösümliklerde, ýagny hrizantemada, günebakarda, nohutda, mekgejöwende we işdäaçar ýapragynda da barlaýar. Ösümlikleri köpeltmekligiň in witro usuly häzirki wagtda dünýä ýüzüniň ähli ýerlerinde giňden peýdalanylýar.

Bu adalga latyn dilinden terjime edilende iýmitli gurşawda ösümlikleri klonlamak arkaly jynsyz köpeltmek diýmekdir. Ýagny bu usulda arkaly ösümligiň gerekli, hojalyk bähbitli alamatlary şol ekiniň ösüş synalary arkaly köpeldilýär.

Ösümlikleriň ösüş synalary arkaly köpeliş (jynssyz köpeliş amala aşyrylýar) Russiýada 60-njy ýyllarda K.A.Timirýazew adyndaky “Ösümlikleriň fiziologiýasy” institutynda alnyp baryldy. Barlaghanada ýeralmada, gant şugundyrynda, gwozdikada we basga-da birnäçe ösümliklerde synag geçirilip, ösümlikleriň ösüş synasy ýörite probirkada we iýmitli okarajyklarda synag edilip köpeldildi.

Ösümlikleriň beýle köpeliş usuly häzirki wagtda has tiz ösýär.Munda diňe bir birýyllyk ösümlikler köpeldilmän, eýsem agaç görnüşliler hem köpeldilýär.Bu usulyň esasy artykmaçlyklary ösümlik bilen ýylyň ähli pasylynda işläp bolýar, dürli keseller we zyýankeş mör-möjekler zyýan berip bilmeýär, her bir ösümligiň gerekli alamatlaryny saklap bolýar hem-de ýitmek howpy bolan dermanlyk we köp maksatly ulanylýan ösümlikleriň peýdaly häsiýetlerini saklap bolýar.

Bu bolsa ugruň esasy üstünligidir.

Yhlas Arazow,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

Ýene degişli makalalar

Maryda arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullygynyň häzirki zaman merkezi açyldy
Balkan sement kärhanasynda ýokary hilli sement öndürilýär
Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň açylyş dabarasy boldy
18-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistanda biotehnologiýa pudagy üçin täze infrastruktura dörediler
Daşary ýurtlardan lebap sementini satyn almaga barha köp isleg bildirýärler